Fiziki işjeňligiň ähmiýeti

30 Ýanwar 2024
998

Her bir ynsan ýaşyna garamazdan hereketde bolmalydyr. Hereketliligiň adam bedeniniň taplanmagynda, berkemeginde ähmiýeti uludyr. Bu hereketler maşklar, pyýada ýöremek, suwda ýüzmek, ylgamak, tigir sürmek, gimnastika, aerobika bilen meşgullanmak ýaly görnüşleri öz içine alýar. Gündelik hereketde bolmak sagdynlygy, işe ukyplylygy, adamyň immunitetini (kesellere garşy göreşijilik ukybyny) berkidýär. Agzalan dürli görnüşdäki hereketleriň hersiniň aýratyn täsiri bardyr.

Tigir sürmek — dem alyş agzalarynyň işini, gan aýlanyşy kadalaşdyrýar hem-de tutuş bedeniň aýak myşsalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar.

Tirkeş HOJAGELDIÝEW,
Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýüniň lukmany.
Beýleki habarlar