Türgenleriň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň kadaly iýmit sanawynda süýt önümlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Çünki bu önümler kalsiniň, beloklaryň, witaminleriň köp bölegini özünde jemläp, iýmit siňdirijilik gymmaty bilen tapawutlanýar.
Türgenlere türgenleşik işleriniň ähli döwürlerinde süýt önümlerinden peýdalanmak maslahat berilýär. Süýt, aýratyn-da, agyr atletika ýaly, köp güýji we zähmeti talap edýän sport görnüşlerinde myşsa dokumalarynyň dikeldilmeginde ähmiýetlidir. Ol düzüminde kaliniň hem-de natriniň köpdüginiň netijesinde organizmiň neminiň guramagynyň, türgeniň ajykmagynyň öňüni alýar, artykmaç ýaglardan saplanmaga ýardam berýär.