Ýurdumyzda saglygy goraýyş boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, türkmen lukmanlarynyň iş tejribesini, hünär başarnyklaryny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler öz guwandyryjy netijelerini berýär. Şunda lukman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň örän uly ähmiýeti bar.
Golaýda Mary welaýat köpugurly hassahanasynyň endowaskulýar hirurgiýa bölüminde welaýatyň ýaşaýjylaryna ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan endowaskulýar usuly bilen geçirilen angioografiýa barlaglary we olaryň netijesinde ýürek damarlaryna stentirleme amallarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi-de munuň ýene bir aýdyň mysaly boldy. Welaýat merkezlerinde hem şeýle çylşyrymly lukmançylyk amallarynyň üstünlikli geçirilmegi, halypa-şägirtlik ýörelgesinden ugur alnyp, paýtagtymyzdaky döwrebap saglyk merkezlerinde bolşy ýaly, ýakyn geljekde ýurdumyzyň sebitlerinde-de çagalara we uly ýaşly raýatlara kardiohirurgiki operasiýalaryň ýola goýuljakdygyny görkezýär.