Sagdyn durmuş — bagtly geljek

29 Ýanwar 2024
877

Golaýda etrabyň 1-nji sport mekdebinde TDP-niň etrap komiteti etrabyň bedenterbiýe we sport bölümi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ösüp gelýän ýaş nesli beden we ruhy taýdan sagdyn terbiýeläp ýetişdirmek maksady bilen bäsleşik geçirildi.

Onda sportuň grek-rim görnüşi boýunça etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda Mary şäher we Wekilbazar, Baýramaly, Mary etraplarynyň sport mekdeplerine gatnaýan, 2013 — 2015-nji ýyllarda doglan türgen oglanlaryň arasynda “Sagdyn durmuş — bagtly geljek” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik, diýseň, çekeleşikli bolup, oňa gatnaşan tomaşaçylara uly täsirini ýetirdi. Bäsleşikde emin agzalary tarapyndan 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlara mynasyp bolan türgenler kesgitlenildi.

Beýleki habarlar