Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Saglyk — gymmatly baýlyk!

Ynsan saglygynyň goragynda

Howanyň maýlamagy bilen çybyn-çirkeýler hem köpelýär. Olaryň görnüşlerine, esasan hem, siňekler, çybynlar, aýakçylar we gandalalar degişlidir. Çybynlar, siňekler kesel ýaýradyjylara degişli bolup, şu günler olaryň köpelýän döwrüdir. Olar ynsan saglygyna belli bir derejede öz ýaramaz täsirini ýetirýärler. Şol sebäpli olardan goranmaklyk hökmanydyr. Munuň üçin, ilki bilen, arassaçylyk işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Arassaçylyk işleri öýüň içinde we daşynda dogry we doly berjaý edilmelidir. Iýmit önümleri açyk görnüşde saklanylmaly däldir. Öýleriň äpişgeleri torlanmalydyr. Şeýle-de ýerzeminler hlorofos bilen zyýansyzlandyrylmalydyr. Ýata suwlar ýok edilmelidir. Bulardan başga-da ýaz-tomus aýlarynda ýazlaga çykylanda ýa-da açyk meýdanda ekerançylyk işleri bilen meşgullanylanda, çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin dürli goraýyş serişdelerinden, ýagny, olary ürküziji çalgylardan peýdalanmaly. Daşarda ýatylanda, peşehanalary ulanmaly. Çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin tüsseleriň haýry hem deger. Mysal üçin, üzärligiň tüssesi peýdaly. Çybyndyr siňeklerden goranmak köp kesellerden goranmakdyr.

Atçylyk sporty we sagdyn beden

Halkymyzyň ykbalynda uly orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýow gününde ýoldaşy, toý gününde syrdaşy bolup, ýürek buýsanjyna, köňül senasyna öwrülipdir. Bu gün ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri täzeden dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty barha rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek üçin ähli şertler döredilýär. Sport merkezlerinde türkmen türgenleri atçylyk sportunyň ezberleri bolup ýetişýärler. Sportuň bu görnüşi bilen diňe bir türgenler däl, eýsem, her bir ynsan saglygyny berkitmek üçin hem giňden meşgullanýar. Hakykatdan hem at münmegiň saglyga ýetirýän peýdasy örän uludyr. Daýanç-hereket ediş ulgamynyň näsazlyklaryna uçran adamlara atçylyk sporty bilen meşgullanmak maslahat berilýär. Bedeniň ähli myşsalarynyň hereket edýändigi üçin ata münen adamyň özüni duýşy oňatlaşýar. Arassa howada atly gezelençden soň şähdiň açylyp, keýpiň çag bolýar. At münmek ýürek-damar ulgamynyň işini kadalaşdyrýar. Atly gezelenç etmek ýüregiň işemiýa keselinde, madda çalşygynyň bozulmalarynda, bronhial demgysmanyň, içege keselleriniň, jyns mäzleriniň patologiýasynda bejeriji häsiýeti bilen kömek edýär.

Sag başym — soltan başym

♦Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. ♦Ir säher we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli.

Sporty, sagdyn durmuşy wagyz edýäris

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ynsan saglygy hakyndaky alada hemişe ileri tutulýar, sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, jemgyýetde, aýratynam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmak, beden taýdan berk, ruhubelent, sagdyn pikirlenmegi başarýan ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Biz hem bilim, sport, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri bilen bilelikde edara-kärhanalarda zähmet çekýän işgärleriň, esasanam, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmegiň ähmiýeti, her bir raýatyň sporty, bedenterbiýäni hemişelik hemra edinmegi dogrusynda wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda her bir adamyň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegini gazanmak, ýaşlaryň ýurdumyzyň sport abraýyny has-da belende galdyrmagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi hakynda aýratyn durup geçýäris.

Sag başym — soltan başym!

·         Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek sagdyn nesilleriň kemala gelmegi, ynsan ömrüniň dowamlylygynyň uzalmagy üçin zerur şertdir. Häzirki zaman jemgyýetini ösen tehnologiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tehnologiki enjamlar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Olaryň hatarynda kompýuterleri, smartfon telefonlary, planşetleri görkezmek bolar. Bu enjamlaryň peýdalanylmagy işi ýeňilleşdirýär, wagty tygşytlaýar. Muňa garamazdan, uzakly günüň dowamynda kompýuterlerden, smartfonlardan we planşetlerden peýdalanmak hereketsizlige getirýär. ·         Hereket ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrýar. Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak bolsa saglyk üçin peýdalydyr.

Ýatdan çykmajak pursat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, amaly lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly wezipelere uly ähmiýet berilýär. Ýakynda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Gürrüňi edilýän hassahana lukmançylyk enjamynyň sowgat berilmegi halkyň saglygy barada döwlet derejesinde edilýän aladanyň, bu ugurda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň, netijede, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň miwesidir. Şonuň bilen birlikde-de, ol Türkmenistanyň ilatyň saglygyny goramak we berkitmek babatda uly üstünlikler gazanýandygyny, mun

Saçakda ak aşym — müň dertden sagdyr başym

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda) Çig gaýmak — adyndan belli bolşy ýaly, çig süýdi ýaýmak arkaly alynýan önüm bolup, bu önüm öz düzüminde köp mukdarda süýt ýaglaryny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Çig gaýmak çalt zaýalanýan önüm, şonuň üçin hem ol özüniň saklanyşynda aýratyn ünsi talap edýär. Süýt ýaglaryny agyr fiziki iş bilen meşgullanýan adamlara, türgenlere iýmeklik maslahat berilýär. Şeýle hem ol ösüp gelýän ýaş çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne, datly nygmat bolansoň, kä halatlarda onuň köp iýleni hem duýulmaýar. Emma ony aşa köp mukdarda iýmegiň semizlige, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine sebäp bolup biläýmeginiň mümkindigini unutmaly däl. Çig gaýmagy naharyň gapdaly bilen äbermek ýa-da işdäaçarlary bezemekde ulanmak has peýdalydyr. Çig gaýmakdan taýýarlanan tagamlary diňe günüň birinji ýarymynda, ýagny ertirlik ýa-da günortanlyk naharlarynyň ýany bilen saçaga äbermeklik ähmiýetlidir.

Döwrebap lukmançylyk enjamlary üçin halkymyzyň hoşallygy çäksiz

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamynyň sowgat berilmegi halkymyzyň saglygy baradaky atalyk aladanyň güwäsidir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Saglyk başymyzyň täjidir

Türkmen halky «Abraý isleseň — köp diýme, saglyk isleseň — köp iýme», «Giň bolsaň kem bolmaz, saglykdan özge dem bolmaz», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok» diýen ýaly ençeme pähimleri döredipdir. Munuň özi halkymyzyň saglyga, bedeniň we ruhuň kämilligine aýratyn ähmiýet berendigini görkezýär. Häzirki wagtda howanyň üýtgäp durýan şertlerinde, pasyl çalşygynda, umuman, gündelik durmuşda saglygyňy goramaga gönükdirilen tertip-düzgünleri berjaý etmek örän wajypdyr. Kadaly we sagdyn iýmitlenmek dürli keselleriň öňüni almak üçin bedeniň immunitetini berkitmekde esasy orunda durýar. Şunda witaminlere baý bolan önümleri iýmek, arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek, pasla görä geýinmek örän möhümdir. Tomus paslynda Günüň işjeňligi has-da ýokarlanýar. Elbetde, Gün şöhlesinden bedende D witamini emele gelýär, ýöne jöwzaly günlerde Günüň aşa ýiti şöhlesinden goranmagy unutmaly däldir. Şeýle günlerde ýagly, duzlanan, gurak iýmitlerden saklanmak maslahat berilýär.

Sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Be­den­ter­bi­ýe we sport sag­dyn­ly­gyň göz­ba­şy­dyr. Be­de­ni ber­kit­mek adam sag­ly­gy üçin örän mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Be­de­ni ber­kit­mek üçin bol­sa be­den­ter­bi­ýe, sport we zäh­met bi­len meş­gul­lan­mak wa­jyp­dyr. Sport bi­len meş­gul­lan­mak ada­myň daş­ky tä­sir­le­re gar­şy da­ýanç ul­ga­myny tap­la­ýar. Mun­dan baş­ga­-da, spor­tuň ada­myň nerw ul­ga­my­ny we beý­ni­niň iş­jeň­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ýan­dy­gy yl­my taý­dan su­but edi­lendir. Ha­ky­kat­dan hem, sag­ly­gy sak­la­mak­da, sag­ly­gy­ňy ber­kit­mek­de spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Be­den sag­dyn­ly­gy, ru­hy sag­dyn­lyk yn­sa­nyň esa­sy baý­ly­gy, ýagny baş ha­zy­na­sy­dyr. Be­ýik akyl­da­r Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy hem «Sag­ly­gyň gad­ry­ny bil­gil, has­sa bol­mas­dan bu­run…» diý­mek bi­len, jan sag­ly­gyň äh­li zat­dan ile­ri­di­gi­ni ün­de­ýär.

Saglyk ulgamy kämilleşýär

«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miziň baştutanly­gyn­da köp­çü­lik­leýin be­den­ter­bi­ýä­ni, Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, spor­ty ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet beril­ýär. Bu ugur­da mil­li mak­sat­na­ma­lar, top­lum­la­ýyn öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­muşa ge­çi­ril­ýär. Be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ýa­ly hal­ky­my­zyň ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­rip gel­ýän ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Gys­ga döw­rüň için­de eziz Di­ýa­ry­myz­da dün­ýä öl­çegle­ri­ne la­ýyk gel­ýän iri sport hem-de at­çy­lyk sport top­lum­la­ry, sta­di­on­lar, sport mek­dep­le­ri, Olim­pi­ýa şä­her­çe­si gur­lup, döw­re­bap sport dü­züm­le­ri dö­re­dil­di. Bu ugur­da hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne paý­tag­tymyz Aş­ga­bat­da, Ar­ka­dag şä­he­rin­de, we­la­ýat mer­kez­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­giýa­lar or­naş­dy­ry­lan sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri­ni, ýö­ri­te­leş­di­ri­len has­sa­ha­na­la­ry, şy­pa­ha­na­la­ry gur­mak­da, öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­mek­de hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­dy.

Ýaş nesliň saglygy ugrunda

Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şu günler «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1—31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýän bu çärelere lukmanlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çärelerde edilýän çykyşlarda bellenilişi ýaly, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Olar ýürek gan-damar, dem alyş, degna, iýmit siňdiriş ulgamlaryna uly zyýan ýetirýärler.

Saglyk sahawaty

Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «B.Braun» kompaniýasynyň iki sany «Dialog+» kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi. Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudagyň infrastrukturasyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, amaly lukmançylyk boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ýaly wezipeler Diýarymyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň möhüm ugurlarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan hem ösüp gelýän ýaş nesliň saglygyny goramak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Gaznanyň bank hasaplaryna raýatlardan hem-de edara görnüşli taraplardan pul serişdeleri yzygiderli gel

Sagdyn durmuş – uzak ömür

Gahryman Arkadagymyzyň alymlyk paýhasy bilen işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi milli saglygy goraýyş ulgamynda ilata hödürlenilýän hyzmatlaryň görnüşlerini we hilini halkara derejelere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamanyň kabul edilmegi  ilatyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek bilen adam ömrüniň uzalmagyny gazanmaga bolan mümkinçilikleri artdyrýar.

Hossarlyk aladalarynyň gurşawynda

Il saglygy bagtyýar durmuşyň berk binýadydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda döwletiň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak, saglygy goraýyş ulgamyny düýpli özgertmek babatda alnyp barylýan işler uly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň iň çetki şäherlerinde we obalarynda hem lukmançylyk we sport düzümlerini şu günüň talabyna laýyk getirmek boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş we anyklaýyş edaralarynyň gurulmagy, etrap hassahanalarynyň durkunyň täzelenilmegi, olara daşary ýurtlaryň iň meşhur kompaniýalarynyň häzirkizaman enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň iş tejribeleriniň yzygiderli baýlaşdyrylmagy netijesinde ilatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmekde uly üstünlikler gazanyldy. Döwletimizde poliomiýelit, drakunkulýoz, gyzdyrma keselleriniň doly ýok edilendigi, ýod ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin duzy ýod bilen hem-de unuň düzümini demir we foliý turşusy bilen baýlaşdyrylandygy bardaky Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy we beýleki guramalar tarapyndan berlen halkara güwänamalary ýetilen belent sepgitleriň kepilidir. Ýurdumyz çilimkeşlige garşy alnyp barylýan göreşe goşan ägirt goşandy üçin Bütindünýä saglygy goraýyş gurama

Saglygyň gadryny bilgil...

Ýaz paslydygyna garamazdan, howa gyzanda, Gün şöhlesinden goranyň. Günüň dowamynda dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary, miwe şirelerini içiň.

Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň ilkinji şerti hasaplanylýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamak gerek. Onuň ýönekeý görnüşi sowuk suw bilen bedeniňi taplamakdyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamynyň, ýürek-gan damarlarynyň işini we bedende madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen, bedeni 35-360 С dereje ýylylykdaky suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli. Şular doly we dogry berjaý edileninden soň, az-azdan üstüňden sowuk suwy guýmak arkaly ýuwunmak maslahat berilýär. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny mümkin boldugyndan açyk howada kabul etmek gerek. Arassaçylyk iň ýönekeý kadalary berjaý etmekden başlanýar. Ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, köplenç ýüze çykýan ýiti sowuklama keselleri bilen kesellemekden gorap saklaýar. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly we bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soň, ýörite niýetlenen zir-zibil gaplaryna

Gün şöhlesiniň täsiri

Gün şöhlesiniň täsiri esasynda adamyň bedeninde alyş-çalyş hadysalary bolup geçýär. Olaryň netijesinde D witamini emele gelip, daýanç-hereket ulgamyna peýdaly täsirini ýetirýär. Ýöne paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda, Günüň aşa gyzýan döwri onuň şöhlesinden goranmaly. Onuň üçin çagalar we gartaşan adamlar ýa-da ýokary gan basyş keseli bar bolanlar ir säher bilen daşaryk çykanlarynda hökman arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda alyp gitmelidirler. Beýleki adamlar ýiti Günüň şöhlesinden hökman ak başgaplar ýa-da ýaglyklar bilen goranmalydyrlar we öz ýanlarynda agyz suwunyň bolmagyny üpjün etmelidirler. Ýylyň ähli pasly hem adamyň saglygy üçin öz peýdasyny ýetirýär. Şonuň üçin adam öz saglygyna has paýhasly çemeleşmelidir. Onuň üçin çagalar bilen gezelenç edilende, ir säher bilen 6-dan — 9-a çenli, agşam bolsa 18-den soň, gezelenç edilse has ýerlikli bolar. Gün şöhlesinden goranmak üçin kelläňizi hökman başgap, ýaglyk ýa-da tahýa bilen örtmeli. Çagalaryň egin-eşikleri nah matadan, açyk reňkde bolmaly, Günden goraýan saýawanlary ýanyňyzda götermeli. Şonuň bilen bilelikde çagalaryňyz üçin ýeterlik mukdarda agyz suwunyň bolmagyny öz üns merkeziňizde saklamaly.

Saglygymyz öz elimizde!

Gün şöhlesi dogry peýdalanylanda, bedende D witamini emele gelýär. Şonuň üçin Gün şöhlesinden ýerlikli peýdalanyň! Işjeň hereketde bolup, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň!