Howanyň maýlamagy bilen çybyn-çirkeýler hem köpelýär. Olaryň görnüşlerine, esasan hem, siňekler, çybynlar, aýakçylar we gandalalar degişlidir. Çybynlar, siňekler kesel ýaýradyjylara degişli bolup, şu günler olaryň köpelýän döwrüdir. Olar ynsan saglygyna belli bir derejede öz ýaramaz täsirini ýetirýärler. Şol sebäpli olardan goranmaklyk hökmanydyr.
Munuň üçin, ilki bilen, arassaçylyk işleriniň ähmiýeti örän uludyr. Arassaçylyk işleri öýüň içinde we daşynda dogry we doly berjaý edilmelidir. Iýmit önümleri açyk görnüşde saklanylmaly däldir. Öýleriň äpişgeleri torlanmalydyr. Şeýle-de ýerzeminler hlorofos bilen zyýansyzlandyrylmalydyr. Ýata suwlar ýok edilmelidir. Bulardan başga-da ýaz-tomus aýlarynda ýazlaga çykylanda ýa-da açyk meýdanda ekerançylyk işleri bilen meşgullanylanda, çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin dürli goraýyş serişdelerinden, ýagny, olary ürküziji çalgylardan peýdalanmaly. Daşarda ýatylanda, peşehanalary ulanmaly. Çybyn-çirkeýlerden goranmak üçin tüsseleriň haýry hem deger. Mysal üçin, üzärligiň tüssesi peýdaly. Çybyndyr siňeklerden goranmak köp kesellerden goranmakdyr.