Ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşmak maksady bilen ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şu günler «Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça 2024-nji ýylyň maý aýynyň 1—31-i aralygynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna» laýyklykda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.
Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de welaýat baş bilim müdirliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda geçirilýän bu çärelere lukmanlar we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Çärelerde edilýän çykyşlarda bellenilişi ýaly, zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Olar ýürek gan-damar, dem alyş, degna, iýmit siňdiriş ulgamlaryna uly zyýan ýetirýärler.