Sagdynlyk — baky bagtyýarlyk

15 Maý 2024
783

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimize sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Çünki sagdyn durmuş ýörelgesi ösüşiň täze belentliklerine ýetmegiň ilkinji şerti hasaplanylýar. Lukmanlaryň aýtmaklaryna görä, bedeni taplamaga çagalyk döwründen başlamak gerek. Onuň ýönekeý görnüşi sowuk suw bilen bedeniňi taplamakdyr. Sowuk suw bilen bedeni taplamak nerw ulgamynyň, ýürek-gan damarlarynyň işini we bedende madda çalşygyny kadalaşdyrýar. Sowuk suw bilen bedeni taplamak üçin, ilki bilen, bedeni 35-360 С dereje ýylylykdaky suwa ezilen süpürgiç bilen süpürmeli. Şular doly we dogry berjaý edileninden soň, az-azdan üstüňden sowuk suwy guýmak arkaly ýuwunmak maslahat berilýär. Tomus aýlary sowuk suw wannasyny mümkin boldugyndan açyk howada kabul etmek gerek.

Arassaçylyk iň ýönekeý kadalary berjaý etmekden başlanýar. Ynsan saglygynyň girewi bolan arassaçylyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegi, köplenç ýüze çykýan ýiti sowuklama keselleri bilen kesellemekden gorap saklaýar. Munuň üçin üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy bir gezek ulanylýan elýaglyk bilen ýapmaly. Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup durmaly we bir gezek ulanylýan elýaglyklary ulanyp bolanyňyzdan soň, ýörite niýetlenen zir-zibil gaplaryna taşlamaly.

Zakirjan HOJAMBERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar