(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda)
Çig gaýmak — adyndan belli bolşy ýaly, çig süýdi ýaýmak arkaly alynýan önüm bolup, bu önüm öz düzüminde köp mukdarda süýt ýaglaryny saklaýandygy bilen tapawutlanýar. Çig gaýmak çalt zaýalanýan önüm, şonuň üçin hem ol özüniň saklanyşynda aýratyn ünsi talap edýär. Süýt ýaglaryny agyr fiziki iş bilen meşgullanýan adamlara, türgenlere iýmeklik maslahat berilýär. Şeýle hem ol ösüp gelýän ýaş çagalar üçin örän ähmiýetlidir. Ýöne, datly nygmat bolansoň, kä halatlarda onuň köp iýleni hem duýulmaýar. Emma ony aşa köp mukdarda iýmegiň semizlige, iýmit siňdiriş ulgamynyň kesellerine sebäp bolup biläýmeginiň mümkindigini unutmaly däl. Çig gaýmagy naharyň gapdaly bilen äbermek ýa-da işdäaçarlary bezemekde ulanmak has peýdalydyr. Çig gaýmakdan taýýarlanan tagamlary diňe günüň birinji ýarymynda, ýagny ertirlik ýa-da günortanlyk naharlarynyň ýany bilen saçaga äbermeklik ähmiýetlidir.