Gadymy taryhymyzyň şöhraty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň, tagallasy netijesinde gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan milli medeniýetimizi, taryhymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmäge, hemmetaraplaýyn gorap saklamaga, ösdürmäge we ony baýlaşdyrmaga, dünýä halklaryny medeni gymmatlyklarymyz bilen tanyşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň ýakynda geçen mejlisinde oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, Türkmenistanyň gadymy Änew şäherini bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan etmek hakynda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanandygy baradaky hoş habar halkymyzy begendirdi we şöhratly taryhymyza buýsanç döretdi. Dünýä halklarynyň arasynda Türkmenistan iň gadymy medeniýetiň dörän we ösen ýeri hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda tebigy gözelligi bilen adamzady özüne bendi eden ýurdumyzyň çäklerinde ösen medeniýetleri d