Yhlasly zähmet, irginsiz gözlegler adamy kämillige ýetirýär. Zamira Usmanowa türkmen arheologiýasyna we taryhyna uly goşant goşan görnükli alymdyr. Ol özüniň uzak wagtyň dowamynda toplan maglumatlarynyň esasynda Merwiň ýaşynyň 2700 ýyl bolandygyny ilkinji bolup kesgitlemegi başardy. Bu senäniň ylmy esaslandyrmasyny bolsa 1992-nji ýylda Londonda çap edilen «Gadymy Merwiň täze maglumatlary» atly makalasynda beýan etdi.
Zamira Usmanowa 1932-nji ýylda Samarkantda gullukçy maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň çagalyk, okuwçy ýyllary Türkmenistanda geçýär. Kakasy Ysmaýyl Usmanow howa menziliniň ýolbaşçylary üçin okuw kursuny gutarandan soň, 1932-nji ýylda Kerki şäherine howa menzilini gurmak üçin iberilipdir. Soňra ony Dörtgüle, Çimbaýa, Ürgenje, Türkmenabada, Daşoguza hem iberipdirler.