Biziň durmuşymyz poçta aragatnaşygy bilen berk baglydyr. Biz bir ýere hat-habar ýa-da banderol ibermekçi bolanymyzda poçta aragatnaşygynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolýarys. Poçta hyzmatlary bu ugurda biziň möhümimizi bitirmekde ygtybarly merkez bolup durýar. Poçtanyň döreýşiniň täsin taryhy bar.
Poçtanyň taryhy hat ýazuwynyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hat ýazuwynyň döremegi bilen, habar hat görnüşinde ýetirilip ugralypdyr. Munuň özi bolsa poçta aragatnaşygynyň düýbüniň tutulmagyna getiripdir. Aragatnaşyk gullugynyň düzgünleşdirilen ilkinji edaralary diýseň ir, antik döwründe peýda bolupdyr. Ilkinji gezek poçta habary 5 müň ýyl töweregi mundan ozal Mesopotamiýada ýüze çykypdyr. Müsürde hem poçta aragatnaşygy irki döwürde başlanypdyr. Ol ýerde hat-pet gatnadýan kepderiler peýdalanylypdyr. Soňra has möhüm habarlary ýetirmek üçin gadym döwürde atly, düýeli çaparlar iberilipdir.