Orta asyrlarda basma keramikanyň ösmegi

13 Oktýabr 2022
2331

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir welaýatynda ata-babalarymyzyň dünýä medeniýetine goşan taryhy gymmatlyklaryny ylmy taýdan öwrenip, halkymyza ýetirmekde uly ähmiýete eýe bolan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän ajaýyp muzeýler bar. Şeýle muzeýleriň biri Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýidir. Bu ýerde halkymyzyň bäş müňýyllyk taryhyna degişli taryhy gymmatlyklar saklanýar. 

Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine bezeg berýän orta asyrlara degişli keramiki önümlerde ylmyň ösmegi bilen, adamlaryň tebigatyň ähli gözelliklerini miwe we gök salar ýaly mejimelere, küýzejiklere çekendiklerini görmek bolýar. Bu taryhy gymmatlyklar orta asyrlarda ýaşan adamlaryň basma keramiki önümlerine has uly üns berendigine şaýatlyk edýär.  Şeýle-de olary synlap, orta asyrlarda suratkeşleriň köp bolandygyna, olaryň haýwan şekillerine üns berendigine, adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygynyň has baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar. Syrçalanan mejimäniň içine çekilen guşuň suraty, keramiki küýzejikleriň ýüzündäki basma keramiki nagyşlar orta asyrda ylym-bilimiň has ösendigini aňladýar. Haýwanlaryň suraty çekilen gap-gaçlardan başga-da, misden we bürünçden ýasalan dürli guşlaryň şekili ata-babalarymyzyň öz döwründe taryhy gymmatlyklary sungat derejesine ýetirendigine,  syrçanyň, aýnalaryň ýüze çykmagy bolsa olaryň  öz durmuşyny  sungat  bilen baýlaşdyrandygyna şaýatlyk edýär.

Töre NOBATOW,
Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.
Beýleki habarlar