Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi
Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport türkmen jemgyýetiniň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmek babatda öňde uly wezipeler, belent maksatlar goýulýar. «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýakynda degişli Karara gol çekmegi bilen, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegi-de bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy. Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegi Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşdyrýar. Onuň çäklerinde ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli ilerledilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistan