Sport — sagdynlygyň we ruhubelentligiň çeşmesi

4 Oktýabr 2024
415

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn çäreleriň netijesinde sport türkmen jemgyýetiniň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sporty ösdürmek babatda öňde uly wezipeler, belent maksatlar goýulýar. «Ýokary sportda Türkmenistany dünýä tanatmak meniň esasy maksatlarymyň biridir» diýýän hormatly Prezidentimiziň ýakynda degişli Karara gol çekmegi bilen, ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlaryny 2028-nji ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Los-Anjeles şäherinde geçiriljek XXXIV tomusky Olimpiýa we XVIII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça guramaçylyk toparynyň döredilmegi-de bu ugurda möhüm ädimleriň biri boldy.

Türkmenistan halkara sport hyzmatdaşlygyny ösdürmegi Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşdyrýar. Onuň çäklerinde ýurdumyzy halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkezine öwürmek boýunça alnyp barylýan işler yzygiderli ilerledilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda bu gurama agza döwletleriň 87-siniň awtordaş bolup gatnaşmagynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň sport ýurdy hökmünde dünýäde uly abraýa we hormata eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi hem-de «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň sporty ösdürmekde, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini has-da giň gerime eýe etmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şeýle-de şu ýyl paýtagtymyzda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň kabul edilmegi, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň sporty ösdürmekdäki köpugurly tagallalarynyň oňyn netijeleridir.

Hydyr NUNNAÝEW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň rektory, pedagogika ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar