«Türkmenistan Sport», № 3 (23), 2024
Gahryman Arkadagymyzyň döwletimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, ýurtda halk häkimiýetliligini dabaralandyrmak babatda alyp barýan asylly işleriniň aýdyň miwesi bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň sentýabr aýynda bolup geçen mejlisine ýurdumyzyň her bir künjeginde güýçli depginde taýýarlyk görüldi. Her bir raýatymyz, hünärmenlerimiz, edara-kärhanalarymyz, jemgyýetçilik guramalary we syýasy partiýalar bu şanly toý çäresine mynasyp sowgatly bardylar.