Gujur-gaýratyň gözbaşy

2 Oktýabr 2024
422

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow golaýda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda «Bedenterbiýe we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belledi. Ýurdumyzda hereket edýän ähli stadionlarda, sport hem-de bedenterbiýe-sagaldyş toplumlarynda, sport meýdançalarynda her bir baýramçylygyň çäklerinde sport ýaryşlaryny, bäsleşikleri geçirmek indi däbe öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň sporty ösdürmek, wagyz etmek, we ýaşlary sagdyn durmuşa höweslendirmek, sport desgalarynyň, toplumlarynyň gurluşygyna üns bermek, sport mekdeplerini döretmek, umuman, bu ulgamy kämilleşdirmek babatda bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkara sport federasiýalary we sport komitetleri tarapyndan abraýly sylaglara we ykrar edilmelere mynasyp bolmagy türkmen türgenleri üçin görelde mekdebi boldy.

Ogulnäzik ISENOWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň kafedra müdiri.
Beýleki habarlar