Durmuşymyzyň zynaty
Beden we ruhy taýdan sagdyn, aň-paýhas taýdan kämil nesli kemala getirmek, sporty ösdürmek babatdaky giň gerimli aladalar ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryndan gözbaş alan bu asylly maksat mizemez ýörelgä öwrüldi. Bu ýörelge Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda täze taryhy eýýamda üstünliklere beslenýär. Çünki hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Sport adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Diýmek, sport tutuş Diýarymyzy gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolup durýan sagdynlygyň, ruhubelentligiň berk binýadydyr. Şeýle durmuş hakykatlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzyň her bir raýatyny, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde netijeli işleriň gerimi giňeýär. Döwlet derejesinde şunuň ýaly aladalar bilen gurşalan ýaş nesilleriň türkmen sportunyň abraýyny belende götermek üçin tagallalaryny gaýgyrmaýandyklaryny bellemek gerek. Ýurduň egsilmez kuwwatyna, nurana geljegine deňelýän sagdyn nesilleriň kemala gelmeginde, durmuşymyzyň zynatyna öwrülen milli sportumyzyň möhüm ornuny pugtalandyrmakda uly alada