Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik

30 Oktýabr 2024
302

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler ata Watanymyzyň bedew bady bilen öňe barýandygyny äleme buşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn bedenli nesilleri ýetişdirmek döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bu günki gün dünýäde iri sport ýaryşlarynyň geçirilýän ajaýyp merkezi hökmünde giňden tanalýar. Ýurdumyzda halkara derejeli birnäçe ýaryşlaryň geçirilmegi, döwrebap sport desgalarynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň nyşanydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde ýurdumyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşyň geçirilmegi, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Çözgüdine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri», Aziýanyň Tennis federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň «Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi» diýlip yglan edilmegi sport ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijeleridir.

Begenç ÇERKEZOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar