Ýüreklerde alkyş bar

29 Oktýabr 2024
347

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 25-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilendigi bilen baglylykda, 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmegi, hemmeleriň bilelikde jemgyýet bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegi teklip etmegi ulus-ilimizde gyzgyn goldaw tapdy. Munuň özi Türkmenistanyň sportuň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygyny nobatdaky gezek dabaralandyrar.

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, Watanymyzda sport-sagaldyş hereketi, köpçülikleýin bedenterbiýe sazlaşykly ösdürilýär, Aşgabatda we ýurdumyzyň sebitlerinde sport düzüminiň häzirki zaman desgalary gurulýar. Bu zatlar Türkmenistan Watanymyzyň halkara sport ýaryşlarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň geçirilýän döwrebap merkeze öwrülmegine, ussat türgenleriň kemala gelmegine şert döredýär.

Kömek ÇARLYÝEW,
Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki sport mekdebiniň müdiri.
Beýleki habarlar