Hormatly Prezidentimiziň Hökümetiň geçen hepdede geçirilen mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň hormatyna 2-nji noýabrda sport çäresini geçirmek, hemmeleriň bilelikde sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, Saglyk ýolundan geçmegini guramak baradaky teklibi hyýallarymyzy talyplyk ýyllaryna alyp gitdi.
Talyplygyň bäş ýylynda 8 kilometrlik belentli-pesli bu ýoly, gör, näçe gezek külterländiris. Daň säherde ýola düşüp, günortana ýakyn ýoly doly tamamlanymyzdan soň hem, ýadawlyk ýan-golaýymyza gelmezdi. Gaýtam, Saglyk ýolundan geçilen günleriň talyplygymyzyň iň işjeň günlerine öwrülendigi häli-häzirlerem ýadymda.