Sport — dostluk, sagdynlyk, ruhubelentlik

29 Oktýabr 2024
448

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu günki günde ýurdumyzyň halkara abraýy barha artýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy.

Hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine eýerýän hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde beýik başlangyçlary öňe sürýär. Ähli adamzadyň parahat durmuşyna, dost-doganlyga gönükdirilen şeýle başlangyçlar dünýäniň gyzyklanmasyna, goldawyna eýe bolýar. Çünki olar röwşen geljegimiz üçin möhüm ähmiýete eýe bolan başlangyçlardyr. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu başlangyçlary öňe sürmek bilen nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesilleriň sagdyn durmuşda ýaşamagyna, sportuň ösdürilmegine giň mümkinçilikler döredilýär.

Sähragözel MÜRZÄÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň direktory.
Beýleki habarlar