Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Röwşen Meredow özbegistanly futbol hünärmenlerine okuw sapaklaryny geçýär

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 FIFA-nyň tehniki hünärmeni Röwşen Meredow şu günler Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde futbol hünärmenler üçin taýýarlyk okuwyny alyp barýar.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Ruhubelentligiň gözbaşy

Işjeň hereketdäki sport syýasaty

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Sport ar­ka­ly pa­ra­hat­çy­lyk, öza­ra je­bis­lik we ag­zy­bir­lik, dost­-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry ber­ki­dil­ýär, ös­dü­ril­ýär. Şeý­le gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns ber­ýän ýur­du­my­za hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek hu­ku­gy­nyň yzy­gi­der­li be­ril­ýän­di­gi örän buý­san­dy­ry­jy­dyr. Hä­li-şin­di ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li ýa­ryş­la­ry­nyň, Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ýur­du­myz­da ge­çi­ril­me­gi hem sport döw­le­ti­di­gi­ni bü­tin dün­ýä äş­gär et­di.

Sebitimiziň sport habarlary

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Ow­ga­nys­tan.

Sport habarlary

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 Bad­min­ton bo­ýun­ça ýa­ryş­lar ge­çi­ril­di

Altyn topda ýyldyzlar ýok

«7/24.tm»: №46 (233) 11.11.2024 28-nji okt­ýabr­da Pa­riž­de ge­çi­ri­len da­ba­ra­da il­kin­ji ge­zek su­per ýyl­dyz­lar sa­naw­da ýok. Şon­da-da «Bal­lon d’Or»-yň bu ýyl­ky ýe­ňi­ji­le­ri mä­lim edi­len­den soň­ra Winisius Junioryň «Al­tyn top» baý­ra­gy­ny ga­za­nyp bil­män­li­gi fut­bol jan­kö­ýer­le­ri­niň ara­syn­da ynam­syz­ly­ga ýol aç­sa­-da, Man­çes­ter Si­ti­niň mer­ke­zi ýa­rym go­rag­çy­sy bo­lan Rod­ri­niň hem bu baý­ra­gy ga­zan­ma­ga my­na­syp­dy­gy­ny bel­le­mek ge­rek. Se­bä­bi ýy­lyň do­wa­myn­da özü­niň to­pa­ry bi­len şeý­le-de mil­li ýy­gyn­dy­sy bi­len ga­za­nan ku­bok­la­ry Rod­ri­niň «Al­tyn to­py» ga­zan­ma­gy­na uly ýol aç­dy. Aý­ra­tyn bel­le­me­li zat­la­ryň bi­ri hem Man­çes­ter Si­ti­niň il­ki 11-lik dü­zü­min­de Rod­ri­niň çy­kyş eden oýun­la­ryn­da pe­nal­ti ur­gu­la­ry­ny ha­sa­ba al­maz­dan hiç bir oýun utul­man­ly­gy­dyr. Umu­man aý­dy­lan­­da, «Al­tyn to­py» ga­za­nan Rod­ri­niň hem Winisius Junior­dan pes ne­ti­je gör­kez­män­di­gi­ni aýt­mak ge­rek.

Şa serpaýy täze üstünliklere ruhlandyrýar

Halkara ýaryşlarda, onda-da, dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak her bir türgen üçin uly bagt. Gazanan üstünligiň ykrar edilip, sylaga mynasyp bolmak bolsa şol şatlykly pursatlara özboluşly öwüşgin çaýýar. 2-nji noýabrda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryny sylaglamak dabarasy hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Şol dabarada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglanan türgenlerimiziň – ezber pälwan Alp Arslan Begenjowyň hem-de gujurly agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubowyň üstünlikleri türkmen sportunyň ýeňişli ýollaryny dowam etdirýän çempionlaryň täze nesliniň kemala gelýändiginiň nyşanydyr. Şu ýylyň sentýabrynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 79 kilogram agram derejesinde ýeňiş gazanan Alp Arslan Begenjow soňky birnäçe aýda türkmen sportunyň ýagty ýyldyzyna öwrüldi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Dünýä çempionatyndaky uly üstünliginden öň hem diňe şu ýylyň özünde halkara ýaryşlaryň üçüsinde, ýagny mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda we iýunda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda guralan erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medallary, iýulda bolsa Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde sportuň erkin we

Bedenterbiýe we sport

Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Dzýudo federasiýasynyň bilelikde guramagynda Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň sport zalynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň açyk çempionaty geçirildi. Boýdan-başa gyzgalaňly ýagdaýda geçen çempionatda sport mekdebimiziň türgenleri hem ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olardan Muhammetaly Myradow, Jemşit Hojamow (66 kg), Selman Nurimow (81 kg) 1-nji orna, Hojaahmet Ýusupow, Kerem Hashojaýew (50 kg), Annaoraz Bäşimow (60 kg), Amanmuhammet Amanmuhammedow (66 kg) dagy bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Türgenleri ýaryşa mekdebimiziň dzýudo boýunça tälimçisi Rahman Şamedow taýýarlady.

Gandbolçylarymyzyň şowly çykyşlary

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň sport hünärmenleri üçin döredip berýän şert-mümkinçiliklerinden ruhlanýan Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 9-njy sport mekdebiniň tälimçi-mugallymlary kämil türgenleri ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu hakykat mekdebimiziň gandbolçylarynyň ajaýyp netijelerinde hem aýdyň beýanyny tapýar. 2010-njy ýylda doglan we şondan kiçi oglanlaryň hem gyzlaryň arasynda guralan gandbol boýunça Aşgabat şäheriniň birinjiliginiň netijeleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Paýtagtymyzdaky 2-nji orta mekdebiň sport zalynda geçirilen ýaryşda mekdebimiziň oglanlar toparlary-da, gyzlar düzümleri hem örän netijeli çykyş etdiler. Oglanlaryň bäsleşiginde birinji orny 12-nji sport mekdebiniň topary eýelese, ikinji hem-de üçünji ýerler biziň birinji we ikinji düzümlerimize degişli boldy. Gyzlaryň ýaryşynda bolsa baýrakly orunlaryň ählisini paýtagtymyzyň 9-njy sport mekdebiniň toparlary eýelediler.

Ýurdumyzyň çempiony «Arkadag» topary

AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde taryhy netije gazanyp, çärýekfinala çykmagy başardy. Halkara ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän topar soňky tapgyryň duşuşygynda Kuweýtiň «Al-Arabisinden» 3:2 hasabynda ýeňlendigine garamazdan, toplan alty utugy bilen toparçada öňdeligi eýeledi. «Al-Arabi» bilen «Abdyş-Ata» (Gyrgyz Respublikasy) toparlarynyň hem hersi alty utuk toplady. Ýöne goşmaça görkezijileriň netijesinde türkmen topary 1-nji orny eýeledi.

Gözelligiň sazlaşygy

Sport we sungat göräýmäge bir-birinden tapawutly düşünjeler ýaly görünse-de, olaryň arasynda berk baglanyşyk bardyr. Türgenleriň hereketleriniň gözelligini, döredijilikli çemeleşmä esaslanýan çykyşlaryny sungata deňemek bolar. Sungat ussatlary hem gözellik döredip, adamlara ruhy lezzet paýlamakda sportdan üzňe bolmaýar. Öz gezeginde, meşhur türgenler tanymal suratkeşleriň, aýdymçylaryňdyr sazandalaryň, ýazyjylaryň eserlerinden ylham alýarlar. Joşgunly sazlar türgenleşiklerde, sport ýaryşlaryndaky duşuşyklaryň arakesmelerinde giňden peýdalanylýar. Iri sport baýramçylyklarynyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan, köp sanly adamlaryň gatnaşmagynda guralýan giň gerimli teatrlaşdyrylan sahnalardan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň ýaly-da, gadymyýetden häzirki güne çenli dürli döwürlerde döredilen sungat eserlerinde sport giňden şöhlelenýär. Başgaça aýdylanda, gadymy küýze bölekleriniň ýüzünde Olimpiýa oýunlaryndaky türgenleriň şekillendirilmeginden başlap, häzirki döwürdäki sporta bagyşlanan kinofilmler sungat dünýäsinde ajaýyp eserleriň döredilendigini görkezýär.

Ýaş futbolçylaryň ussatlygy

«Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIV spartakiadanyň çäginde kiçi futbol ýaryşynyň Babadaýhan etrap tapgyry guramaçylykly geçdi. “Türkmenistan” Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň, etrabyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrapdaky 19-njy orta mekdebiň sport meýdançasynda geçen ýaryşa okuwçy oglanlardan düzülen toparlaryň birnäçesi gatnaşdy. Ýaryş turuwbaşdan uly gyzyklanma eýe boldy. Toparlar özalarynda çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. Şol duşuşyklaryň netijesi boýunça etrapdaky 11-nji orta mekdebiň topary birinji, 6-njy orta mekdebiň topary ikinji, 23-nji orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Ýaryşda birinji orna mynasyp bolan topar welaýat tapgyryna gatnaşar.

«Ýuwentus», «Bawariýa» hem-de PSŽ – ýeňlişsiz toparlar

Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da «Ata­lan­ta­nyň» ýe­ňiş­li ýö­ri­şi do­wam ed­ýär. Myh­man­çy­lyk­da «Na­po­li» bi­len du­şu­şan «Ata­lan­ta» to­pa­ry gar­şy­da­şy­ny 3–0 ha­sa­byn­da ýeň­di. Ber­ga­mo­ly­la­ra ýe­ňiş ge­ti­ren gol­la­ryň 2-si­ni Ade­mo­lu Luk­man, beý­le­ki­si­ni-de Ma­teo Re­te­gi ge­çir­di. «Na­po­li» çem­pio­nat­da 10 oýun­dan soň utul­dy. Çem­pio­na­tyň ýeň­liş­siz ýe­ke-täk to­pa­ry «Ýu­wen­tus» myh­man­çy­lyk­da «Udi­ne­ze­ni» 2–0 ha­sa­byn­da ut­dy. Bu tu­rin­li­le­riň 5-nji ýeň­şi bo­lup, ola­ryň 6 deň­me-deň­li­gi bar we hä­zir­lik­çe ýeň­liş­siz ýo­lu­ny do­wam ed­ýär­ler. «Mi­lan» myh­man­çy­lyk­da «Mon­za­ny», soň­ky çem­pi­on «In­ter» öz meý­dan­ça­syn­da «We­ne­si­ýa­ny» iň ki­çi ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Paý­tag­tyň «La­sio» to­pa­ry «Ka­lia­ri­ni» 2–1 ýe­ňen bol­sa, «Ro­ma» myh­man­çy­lyk­da «We­ro­na­dan» 3–2 ha­sa­byn­da as­gyn gel­di. Ger­ma­ni­ýa­nyň çem­pio­na­tyn­da sa­na­wyň li­de­ri «Ba­wa­ri­ýa» öz meý­dan­ça­syn­da «Union Ber­lin» to­pa­ryn­dan Keýn (2) hem-de Ko­ma­nyň gol­la­ry bi­len 3–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. «Bo­rus­si­ýa Dort­mund» bi­len «Le­ip­si­giň» ara­syn­da­ky oýun­da myh­man­lar öňe saý­lan­sa-da, ýer eýe­le­ri ýe­ňiş ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. Şeş­ko­nyň 27-nji mi­nut­da­ky go­lu­na 30-njy mi­nut­da «Ba­ýe­riň» go­ly bi­len jo­gap be­ren dort­mund­ly­lar 65-nji mi­nut­da Gi­ras­si­niň go­ly esa­syn­

4 gün­de 2 esa­sy gar­şy­da­şy­ny ýeň­di

Ni­der­land­la­ryň çem­pio­na­tyn­da Ams­ter­da­myň «Aýaks» to­pa­ry 4 gü­nüň do­wa­myn­da 2 esa­sy gar­şy­da­şy­ny ýeň­dI. Ita­li­ýa­ly tä­lim­çi Fran­çes­ko Fa­rio­li­niň şä­girt­le­ri il­ki çar­şen­be gü­nün­de 4-nji tap­gyr­dan ga­lan du­şu­şyk­da myh­man­çy­lyk­da «Fe­ýe­noord­dan» 2–0 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ams­ter­dam­ly­la­ra ýe­ňi­ş ge­ti­ren gol­la­ry Teý­lor (6) bi­len Ha­to (25) ge­çir­di. «Aýaks» to­pa­ry şen­be gü­ni sa­na­wyň ýeň­liş­siz li­de­ri­, 10 oýnuň ählisinde-de ýe­ňiş ga­za­nan PSW bi­len öz meý­dan­ça­syn­da du­şuş­dy. 5 go­luň ge­çi­ri­len oý­nun­da PSW to­pa­ry 2 ge­zek öňe saý­lan­sa-da, «Aýaks» 3-2 ha­sa­byn­da ýeň­şi­ni baý­ram et­di (Klas­sen 44, Fits-Jim 66, Godts 74 — De Ýong 18, Pe­ri­şiç 54).

Sport — üstünlikleriň dowamy

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçylary hem zähmet üstünlikleri bilen birlikde, sport ýeňişleriniň sanyny-da dowamly artdyrýarlar.  Sport türgenlerden uly taýýarlygy, agzybirlikde ýerine ýetirilmeli sazlaşykly hereketleri talap edýär. Olaryň sport taýýarlygy ýeňşe, üstünlige, sepgitlerden-sepgitlere badalgadyr. Gullugymyzda hem sport türgenleşikleri yzygiderli alnyp barylýar. Şol ýadawsyz türgenleşikleriň netijesinde, gullugymyzyň harby gullukçylary sport bäsleşiklerinde uly üstünlikleri gazanmagy başarýarlar.

Şöhrata beslenýän ýyl

Bedew batly ösüşleriň ak ýolundan barha öňe barýan, günsaýyn özgerýän berkarar Watanymyzda bolup geçýän taryhy wakalar kalplarda buýsanç duýgusyny döredýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenýän “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şanly wakalaryň birnäçesine şaýat bolduk. Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde açylyp ulanylmaga berilýän desgalar, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilýän halkara forumlar, iri çäreler ildeşlerimiziň her biriniň watançylyk ruhuny belende göterýär. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmegi, bu resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi şanly ýyldaky şöhratly wakalaryň biridir. Agzalan Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2-nji noýabrda Saglyk ýolundan geçildi, ýylyň dowamynda halkara ýaryşlarynda gowy netije gazanyp, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan türgenlerimiz sylaglandy. Bu zatlar ildeşlerimizde aýratyn hoşallyk we buýsanç duýgusyny döretdi. Watanymyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwren hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza päk ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Ýaşlar bilen ýeňişler

Alp Arslan BEGENJOW,Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby:

Watan perzentlerine belent hormat

Geçen şenbede Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna ildeşlerimiziň 6 müňden gowragy ýygnandy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli köpçülikleýin Saglyk ýolundan geçildi. Bu dabaralara hormatly Prezidentimiziň öňbaşçy bolmagy bolsa olaryň gadyr-gymmatyny has-da artdyrdy. Jana şypa ýoluň 8 kilometrlik menzillerini geçmek dabaralarynyň çäklerinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, dünýäniň dürli döwletlerinden Watanymyza medallar bilen dolanyp gelen türgenlerimiz hem sylaglanyldy. Has uly üstünlikleri gazanan türgenlere bolsa döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Buýrugy bilen döwrebap awtoulaglar sowgat berildi.

Ýurdumyzyň sport diplomatiýasy rowaçlanýar

Şu ýylyň 2-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Saglyk ýolunda köpçülikleýin ýöriş geçirildi. Bu çäre jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň ösdürilmegine, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagy wagyz etmäge aýratyn üns berilýär. Döwrümize ýurdumyzda amala aşyrylýan taryhy wakalar, çar ýandan gelip gowuşýan hoş habarlar, durmuşa geçirilýän beýik işler görk berýär. Halkymyzyň eziz Watanyna, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza söýgüsini, buýsanjyny has-da artdyryp, belent maksatlara, täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Ýagny Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, döwletlerdir halklaryň arasyndaky dostlugy, netijeli hyzmatdaşlygy berkitmegiň, sport diplomatiýasynyň rowaçlanmagy ugrundaky ýene bir möhüm ädimidir.

Türkmen sportunyň täze sahypasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky pähim-paýhaslary halkymyzyň saglygyny berkitmäge, her bir raýatyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagyna we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi uzak möhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýedir. Ýurdumyzda adam saglygyna, bedenterbiýä we sporta uly üns berlip, döwlet derejesinde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip, 2-nji noýabrda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolan paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýörişi görkezmek bolar. Bu ýöriş ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artýandygynyň, sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalyny görkezdi.