Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bedenterbiýe we sport baradaky pähim-paýhaslary halkymyzyň saglygyny berkitmäge, her bir raýatyň sagdyn, eşretli durmuşda ýaşamagyna we hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti terbiýelemäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketi uzak möhletleýin umumymilli maksatnama mahsus bolan guramaçylykly häsiýete eýedir.
Ýurdumyzda adam saglygyna, bedenterbiýä we sporta uly üns berlip, döwlet derejesinde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri yzygiderli geçirilýär. Muňa mysal edip, 2-nji noýabrda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklarynda möhüm ähmiýete eýe bolan paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunda geçirilen köpçülikleýin ýörişi görkezmek bolar. Bu ýöriş ýurdumyzda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň barha artýandygynyň, sportuň jemgyýetiň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendiginiň aýdyň mysalyny görkezdi.