Halkara ýaryşlarda, onda-da, dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmak her bir türgen üçin uly bagt. Gazanan üstünligiň ykrar edilip, sylaga mynasyp bolmak bolsa şol şatlykly pursatlara özboluşly öwüşgin çaýýar. 2-nji noýabrda halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryny sylaglamak dabarasy hem bu hakykaty ýene bir gezek tassyklady. Şol dabarada ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatlarynda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýy bilen sylaglanan türgenlerimiziň – ezber pälwan Alp Arslan Begenjowyň hem-de gujurly agyr atletikaçy Şahzadbek Matýakubowyň üstünlikleri türkmen sportunyň ýeňişli ýollaryny dowam etdirýän çempionlaryň täze nesliniň kemala gelýändiginiň nyşanydyr.
Şu ýylyň sentýabrynda Ispaniýanyň Pontewedra şäherinde erkin göreş boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 79 kilogram agram derejesinde ýeňiş gazanan Alp Arslan Begenjow soňky birnäçe aýda türkmen sportunyň ýagty ýyldyzyna öwrüldi diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Dünýä çempionatyndaky uly üstünliginden öň hem diňe şu ýylyň özünde halkara ýaryşlaryň üçüsinde, ýagny mart aýynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen halkara ýaryşda we iýunda Iordaniýanyň paýtagty Ammanda guralan erkin göreş boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda bürünç medallary, iýulda bolsa Tailand Patyşalygynyň Siraça şäherinde sportuň erkin we grek-rim görnüşleri boýunça 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýa çempionatynda altyn medal gazanan türgen diňe bir sport muşdaklarynyň däl, eýsem, ähli ýaşlaryň arasynda giňden meşhurlyk gazandy. Ýaňy 18 ýaşyny dolduran pälwanyň ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda ýeke utuk hem ýitirmän, ähli garşydaşlaryny ynamly ýeňip, ýaşyl Tugumyzy belentde parladan pursatlary ildeşlerimiziň kalbyny buýsanja besledi.