"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistan Minsk şäherinde geçirilen ulag-logistika maslahatyna gatnaşdy

Foruma gatnaşyjylar GDA ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda netijeli demirýol daşamalary ulgamyny ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýeti 4-nji aprelde Belorussiýanyň paýtagty Minsk şäherinde geçirilen «2024. Demirýol logistikasy: ösüşiň möhüm wezipeleri» atly halkara maslahata gatnaşdy. Çäre Belorussiýanyň demirýol edarasy tarapyndan guraldy.

Dostlugyň bahar berekedi

Milli Liderimiziň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary barada söhbet Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-5-nji aprelde dostlukly Täjigistanda resmi saparda boldy. Dünýäniň iň beýikde ýerleşýän daglyk paýtagtlarynyň biri hasaplanýan gözel Duşenbe belent mertebeli myhmanyny joşgunly aýdym-sazlary, gül açan bahar-ýazlary bilen garşylady. Milli lybasa beslenen, «Hoş geldiňiz!», «Huş omaded!» diýip, hem türkmençe, hem täjikçe mübärekleýän, iki dilde gezekleşdirip aýdym aýdýan, tans edýän döredijilik toparlarynyň şowhuny dag tarapdan gelýän adaja bahar şemalynyň öwüsginine garyşyp, çar ýana ýaýrap gidýärdi. Bu owaz — dost-doganlygyň owazy! Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň belent sylag-sarpasynyň güwäsi!

Pikirler, garaýyşlar

Nizom MIRZOZODA,Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Binagärlik we gurluşyk boýunça komitetiniň başlygy:

Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhy

Gahryman Arkadagymyzyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary arkaly täze möhüm sahypa bilen baýlaşdy Türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýar. Medeniýetiň, däp-dessurlaryň, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy häzirki döwürde biziň doganlyk halklarymyzyň ýakynlaşmagyna, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Muňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna 4-5-nji aprelde amala aşyran resmi saparynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Türkmenistan — Täjigistan: dostluk, ynanyşmak, işewürlik

Aşgabadyň Halkara howa menzilinden asmana göterilen uçarymyz sagat ýarymyň içinde Duşenbä ýakynlaşdy. Uzakdan kiçiräk bolup görünýän dag gerişleriniň gabarasy golaýlaşdygymyzça barha ulalýardy. Gün nuruny bolluk bilen eçilse-de, gaýalaryň ýüzüne örtülen buzdan çaklasaň, daglar heniz «ak possunyny» çykararly däldi. Dag gözelliklerine, täjik tebigatynyň täsinliklerine guwanyp barşymyza, howa menziline ýetenimizi hem bilmedik. Hut şeýle gözellik bu ýurduň milliligine: aýdym-saz sungatyna, lybaslaryna, asylly häsiýetlerine siňipdir. «Huş omaded!» sözleri bilen başlanan mähirli hezzetden soňra milli lybaslara beslenen döredijilik toparynyň çykyşy ýol ýadawlygymyzy aýyrdy. Iş saparynyň tutuş dowamynda täjik halkynyň myhmansöýerliginiň ýokarydygyna göz ýetirdik. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 4-5-nji aprelinde Täjigistan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açdy. KALPLARA ORNAN GÖZELLIK

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň we Täjigistanyň arasynda aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Duşanbe şäherinde Täjigistanyň Hökümetiniň aragatnaşyk gullugynyň Başlygy Beg Sabur bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada "Howar" täjik habarlar agentligi habar berýär. Söhbetdeşler aragatnaşyk pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar we özara gatnaşyklary ösdürmek üçin berk binýadyň bardygyny bellediler.

Özbegistan hem-de Gazagystan bilelikdäki demirýol kärhanasyny dörederler

Özbegistan hem-de Gazagystan Owganystan üsti demir ýol ugruny ösdürmek üçin iki ýurdyň demir ýol edaralarynyň arasynda bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu ylalaşyk Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Hywa şäherine iş saparynyň dowamynda gazanyldy diýip, Gazagystan Lideriniň Diwanynyň metbugat gullugy habar berýär. Iki ýurdyň baştutanlary Hytaý – Gazagystan – Özbegistan ugry boýunça ýük daşamalary amala aşyrmak maksady bilen, gazak-hytaý serhedindäki we Özbegistandaky ýük terminallaryny birek-birege özara bähbitli esasda ulanmaga bermegi ylalaşdylar.

Türkmenistan yklymara ulag geçelgesine öwrülmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýär

Merkezi Aziýa boýunça bilermen Wadim Şagiahmedow Türkmenistanyň Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany we Günorta Aziýa ykdysady ulgamlaryny birleşdirýän yklymara ulag geçelgesine öwrülmek üçin ynamly hereket edýändigini tassyklady. Bu barada «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda habar berildi. Bilermen ýurduň Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta ugurlarynda ulag infrastrukturasyny ösdürmek üçin işjeň hereketiň dowam edýändigini belleýär. Ýurtda täze köprüler, häzirki zaman ýokary tizlikli awtoulag ýollary we demir ýollar gurulýar. Howa hem-de deňiz ýollary ösdürilýär. Türkmenistan ulag pudagynda özara peýdaly köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi yzygiderli goldaýar.

Pudagara toparyň mejlisi

Aşgabat, 6-njy aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny” amala aşyrmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Dostlukly gatnaşyklar giň gerim alýar

Soňky ýyllarda ýurdumyz halkara gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Halk hojalygynyň dürli ugurlarynda daşary döwletler bilen gazanylýan ylalaşyklar ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny arşa göterip, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň has-da ýokarlanmagyna uly täsir edýär. Beýleki hyzmatdaş ýurtlarymyz bilen birlikde Täjigistan Respublikasy bilen hem dostlukly gatnaşyklar barha ýokarlanýar. Biz munuň nobatdaky subutnamasyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda bu döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde hem göz ýetirdik. Türkmen we täjik halklaryny uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlukly gatnaşyklar birleşdirýär. Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, gümrük işlerinde hem iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyklar barha ýokarlanýar. 2023-nji ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň bu döwlete amala aşyran saparynyň çäklerinde, gümrük serhedinden geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. 2023-nji ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň degişli wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hem ýörite duşuşyklar geçirilendigini we Türkmenistanda gümrük işiniň taryhy, Gümrük gullugynyň döreýşi, h

Türkmen-täjik dostlugy

«7/24. tm» №15 (202), 08.04.2024 Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow iki gün­lük res­mi sa­par bi­len Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­syn­da bol­dy. Ýo­ka­ry de­re­je­li gep­le­şik­le­riň öňü­sy­ra­syn­da Mil­li Li­de­ri­miz Du­şen­be şä­he­ri­niň baş meý­dan­ça­sy bo­lan «Dus­ti» meý­dan­ça­sy­na bar­dy. Şol ýer­de il­kin­ji tä­jik döw­le­ti bo­lan Sa­ma­ny­lar döw­le­ti­niň 1100 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na Mil­li yla­la­şy­gyň we Tä­ji­gis­ta­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­me­gi­niň ýa­dy­gär­lik­ler top­lu­my hem-de tä­jik­le­riň döw­le­ti­niň il­kin­ji emi­ri Is­mo­il So­mo­ni­niň ýa­dy­gär­li­gi ýer­leş­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow da­ba­ra­ly ýag­daý­da tä­jik döw­le­ti­ni esas­lan­dy­ry­jy gah­ry­ma­nyň ýa­dy­gär­li­gi­ne gül des­se­si­ni goý­dy.

Däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypa

Duşenbe — Aşgabat, 5-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary tamamlandy. Ozal habar berlişi ýaly, düýn Duşenbede Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Emomali Rahmon bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy we däp bolan dostlukly türkmen-täjik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy: sungatyň mizemez köprüsi

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren mümkinçilikleri esasynda, ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň aprel aýynyň 1 — 3-i aralygynda Wena şäherinde iş saparynda boldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet, sungat işgärleri saz-söhbediň mekany hasaplanýan toprakda bolup, türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň medeni ugurlaryna ähmiýet bermek bilen, geljegi nazarlaýan hyzmatdaşlygy berkitmekde iki tarapa-da netijeli işlere ünsi çekdiler. Şol ýerde-de biz aýdym-sazyň, sungatyň halklaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde, ynsan göwünlerini birleşdirmekde neneňsi uly täsiriniň bardygyna ýene bir ýola göz ýetirdik.

Türkmenistan — Amerikanyň Birleşen Ştatlary: işewür hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar

4-nji aprelde döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ABŞ bilen özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, «Boeing», «General Electric», «John Deere», «Case New Holland» ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.

Türkmenistan — Täjigistan: dostlukly gatnaşyklaryň täze tapgyry

Häzirki wagtda türkmen we täjik halklarynyň köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine, taryhy, ruhy, medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklary täze ösüşlere eýe bolýar. Iki ýurduň Baştutanlarynyň ynanyşykly gatnaşyklary, soňky ýyllarda yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň netijeleri döwletara dialogy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary bu gatnaşyklary täze derejelere çykarmakda nobatdaky möhüm ädimdir. TÄJIK DÖWLETINI ESASLANDYRYJY GAHRYMAN HATYRALANYLDY

Arkadag we Hujand doganlaşan şäherlere öwrüldi

Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri Arkadag we Täjigistanyň iň gadymy şäherlerinden biri bolan Hujand doganlaşan şäherler statusyny aldy. Bu barada TDH habar berýär. Bellenilişi ýaly, Arkadag we Hujand şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak barada Arkadag şäheriniň häkimligi (Türkmenistan) bilen Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasynyň (Sugt oblasty, Täjigistan Respublikasy) arasyndaky Ylalaşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşiklerden soňra gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi

Aşgabat, 4-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi. Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň uly ykdysady kuwwaty bolan Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Türkmenistan — Täjigistan: hyzmatdaşlygyň täze ugurlary kesgitlenildi

Aşgabat — Duşenbe, 4-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Türkmen diplomatiýasynyň syýasy üstünligi

23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasynyň kabul edilendigi baradaky hoş habar aýdyldy. Munuň özi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen diplomatiýasynyň gazanan nobatdaky syýasy ýeňşidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, bu guramada Türkmenistanyň başlangyjy esasynda resmi taýdan tassyklanan Kararnamalaryň sany 26-a ýetdi. Şolaryň agramly böleginiň bitaraplyk hem parahatçylyk, öňüni alyş diplomatiýasy bilen bagly bolmagy bolsa döwletimiziň bütin adamzadyň we geljek nesilleriň ykbalyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň nusgalyk göreldesini görkezýändigine güwä geçýär. Munuň özi, bir tarapdan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşyndaky: «Häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz mö