"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň orny artýar

Nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum Aşgabat, 29-njy mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady. Forumy “Türkmengaz”, “Türkmennebit” we “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, “Gaffney Cline” britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guradylar.

Halkara hukugyň ösüşine goşant

Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykbaly, geljegi üçin uly ähmiýeti bolan taryhy wezipeleri üstünlikli çözýär, ýagny ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen durnukly ösüşini, demokratik we hukuk döwletiniň, döwrebap jemgyýetiň yzygiderli kämilleşmegini üpjün edýär. Ýurdumyzyň gazanan köp sanly üstünlikleriniň hatarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň Milletler Bileleşiginiň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edilendigi, şeýle-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygy baradaky hoş habarlaryň gelip gowuşmagy ýurduň we halkyň abraý-mertebesini ýene-de bir gez beýgeltdi. Çünki ýokarda agzalan Kararnamanyň awtordaşlary bolup 62 döwletiň çykyş etmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Halkara hyzmatdaşlygynda möhüm ýörelgeler

Adamzat ýaşaýşynyň ähli döwründe hem iň uly gymmatlyk parahatçylyk, abadançylyk, nesilleriň ösmegi-örňemegi üçin şertleriň döredilmegi bolupdyr. Türkmenistan özüni Garaşsyz döwlet diýip yglan eden gününden başlap parahatçylyk söýüjilik syýasaty ýaýbaňlandyrdy. Dünýä halklary bilen agzybirlikde ýaşamak, ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmak, abadançylyk we ösüş biziň saýlan özbaşdak, garaşsyz ýolumyzyň esasy ýörelgelerine öwrüldi. Ýurdumyzyň her bir raýatynyň parahat durmuşda ýaşamagy, ertirki abadan günlere ynamly bolmagy, okamak, işlemek, ösmek, örňemek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn işler öz miwesini hem berýär. Ýurduň içerki ösüşini we halkara giňişliginde mynasyp ornuny üpjün edýän syýasy ugur — parahatçylyk arkaly ösüş bu gün dünýäde özboluşly we ösüşe ukyply işjeň syýasy ugur hökmünde barha giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda ýurdumyzy ösdürmegiň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, baş maksatlara ünsi çekdi. Olaryň arasynda Garaşsyz hem-de baky Bitarap Watanymyzyň daşary syýasaty, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça wezipeler hem bar. Şu wagtky we geljekki nesilleriň ýaşaýşy üçin uly ähmiýete eýe bolan meseleler, ýagny dünýäde BMG-niň ornuny ýokary galdyrmak, ählumumy parahatçylygy goramak

Hoş habaryň buýsanjy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy we bu ýokary wezipä girişmegi bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly täze döwre, täze badalgalara gadam basdy. Joşup gelen bahar pasly özi bilen bilelikde ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda gazanan ýeňişleri baradaky hoş habarlary hem alyp geldi. Häzirki döwürde döwletimiz halkara guramalar, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri bilen hyzmatdaşlyk etmekde giň gerimli işleri alyp barýar. Bu ýagdaý bolsa Türkmenistanyň halkara abraýyny berkitmekde, içeri hem daşary syýasatyny dabaralandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary giňeltmekde ähmiýetli orun eýeleýär. Munuň şeýledigini ýakynda, has takygy, 25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyzyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna saýlanylandygy barada aýdan hoş habary-da äşgär görkezýär. Bu waka ýurdumyzyň halkara söwda ulgamynda işjeň hereket etmegine has giň ýol açmakda, eksportyň mümkinçiliklerini giňeltmekde, netijede, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny berkitmekde möhüm wakadyr.

Täze Kararnama we abraýly düzüme agzalyk

Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanydyr Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen brifing golaýda ýurdumyza gelip gowşan hoş habarlaryň ikisine — Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegine hem-de şol mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagyna bagyşlandy. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň, diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen çärede bu möhüm wakalaryň ähmiýeti, täze taryhy döwürde milli diplomatik gullugyň öňünde durýan derwaýys wezipeler barada jikme-jik gürrüň edildi.

“Türk­me­nis­ta­nyň we­lo­si­ped­li he­re­ke­ti ösdür­mekdäki tagallalaryny gyzgyn goldaýarys”

Dmit­riý ŞLA­PA­ÇEN­KO,BMG-niň Türk­me­nis­tan­da­ky he­mi­şe­lik ut­gaş­dy­ry­jy­sy: — Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy, ýurduň Hökümetini we halkyny türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu Kararnamanyň Milletler Bileleşigine agza döwletleriň ählisi tarapyndan giň goldawa eýe bolandygy hakykatdyr. Welosiped sürmegi ösdürmek we ony jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmäge ygrarlylygy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parlament diplomatiýasy ilerledilýär

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji martynda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda ähli ulgamlar boýunça parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, geçen döwrüň dowamynda Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň konstitusion kadalaryna esaslanyp, mähriban Watanymyzyň halkara abraý-mertebesini yzygiderli ýokarlandyrandygymyzy, ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklary goldamak baradaky maksatlarymyza laýyk gelýän işleri yzygiderli amala aşyrandygymyzy buýsanç bilen belledi. Milli Liderimiziň ýiti pähim-parasady, öňdengörüjilikli tagallalary esasynda bütin dünýäde giňden ykrar edilen ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň täze taryhy döwürde, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda-da dowam etdiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýarys. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletleriň 40-synda ýurdumyzyň diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary hereket edýär. Türkmenistanda dünýä ýurtlarynyňdyr halkara guramalaryň diplomatik missiýalarynyň 48-si iş alyp barýar. Ýurdumyz halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 167-sine gatnaşýar, BMG-niň geňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 13-siniň düzümin

Dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Türkmen döwletiniň Baştutany geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň bu gurama synçy derejesinde kabul edilendigini aýdyp, munuň Türki Döwletleriň Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Giň hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly binýat

25-nji martda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa jogapkärli wezipede alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Söwda ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlykda möhüm ädim

Ministrler Kabinetiniň 25-nji martda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada habar berildi. Bu buýsandyryjy waka Türkmenistanyň dünýäniň iň iri we abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen köp ýyllaryň dowamynda ösdürilýän hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesi bolup, ol häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan daşary syýasat strategiýasynyň halkara giňişlikde dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki döwri halkara söwdanyň depginli ösüşi bilen häsiýetlendirilip, ol döwletleri we halklary birleşdirýän esasy ulgam bolup durýar. Soňky birnäçe onýyllyklaryň dowamynda ählumumylaşma hadysasynyň çuňlaşmagy halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň geriminiň giňemegini, oňa gatnaşyjylaryň sanynyň ýylsaýyn köpelmegini, netijede, bu gatnaşyklaryň has-da çylşyrymlaşmagyny şertlendirdi. Bazar gatnaşyklarynyň ösmegi netijesinde, halkara söwda ulgamynda bäsdeşligiň ýitileşmegi bolsa bilelikde çözülmegini talap edýän umumy meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi. Halkara söwda gatnaşyklarynda emele gelen şeýle ýagdaýlary sazlaşdyrmak we bu meseleler boýunça döwletleriň arasynda ylalaşyk gazanmak zerurlygy halkara söwdany hukuk taýdan düzgünleşdirmek meselesini dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün

«Beyond Me­at» «Pep­siCo» bi­len tä­ze önüm çy­kar­ýar

«Beyond Me­at» hem-de «Pep­siCo» kom­pa­ni­ýa­la­ry bi­le­lik­de tä­ze önü­mle­ri­niň önüm­çi­li­ge goý­be­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bu önüm kom­pa­ni­ýa­la­ryň bir ýyl mun­dan ozal iş­läp baş­lan bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­sy­nyň il­kin­ji önü­mi­dir. No­hu­dyň we noý­ba­nyň esa­syn­da dö­re­di­len tä­ze «Beyond Me­at Jer­ky» eme­li et önü­mi dü­kan­la­rda in­di­ki aý el­ýe­ter­li bo­lar. Tä­ze­lik peý­da bo­lan­dan soň «Beyond Me­at»-iň paý­na­ma­la­ry 4,31% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 53,47 dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy.

«Plug Po­wer» oňyn tek­lip­le­ri al­ýar

Ge­çen hep­de «Plug Po­wer» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry oňyn ösüş ga­zan­dy. Söw­da­la­ryň ýo­kar­lan­ma­gy­na ne­bi­tiň we ga­zyň ba­ha­sy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ hem-de ýa­şyl ener­gi­ýa­ bo­lan is­leg­le­riň art­ma­gy iter­gi ber­di. Hä­zir­ki wagt­da «Plug Po­wer» dün­ýä ba­za­ryn­da is­leg ta­pyp bil­jek me­ga­watt de­re­je­li wo­do­rod elekt­rik stan­si­ýa­la­ry­ny gur­ýar. Ge­çen hep­de ýa­şyl wo­do­ro­dyň ön­dü­ri­li­şi­ni 200 müň ton­na, wo­do­rod ýan­gyç öý­jük­li aw­tou­lag­la­ry­nyň sa­ny­ny 2025-nji ýy­la çen­li 50 mü­ňe ýe­tir­mek mak­sat­na­ma­sy­ny mä­lim et­me­gi kom­pa­ni­ýa­nyň söw­da­la­ry­na tä­sir et­di.

Dost-doganlygyň aýdyň beýany

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman ikiçäk duşuşyga mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle hem iri sebit guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy pursatdan peýdalanyp, türkmen döwletiniň Baştutanyny 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi we wezipä girişmegi bilen gutlap, iň ýokary döwlet wezipesindäki giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Halkara Nowruz güni dünýä ýurtlarynda

Ýaponiýada Golaýda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýaýbaňlandyrylýan çäreleriň çäklerinde Halkara Nowruz gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa ilçihananyň işgärleri, dostlukly ýurduň medeniýet, sungat, işewürlik bilen meşgullanýan raýatlary gatnaşdylar.

Holi – hindi «Nowruzy»

«7/24.tm», № 12 (95), 21.03.2022. Döreýşini gadymyýetden alyp gaýdýan Nowruz Uzak we Ýakyn Gündogar halklarynyň taryhyna siňen baýramçylyk hökmünde bellidir. Manysy boýunça «täze gün» diýen düşünjäni aňladýan Nowruz şol döwürlerden bäri dostlugyň, parahatçylygyň, halklaryň arasyndaky birek-birege bolan hormatyň, dostana goňşuçylyk gatnaşyklarynyň düýp özenini özünde jemleýär.

«AMC» ki­no­teatr­lar top­lu­my «Hycroft Mi­ning»-iň 22%-ini sa­tyn al­dy

Ame­ri­ka­nyň ki­no­teatr­lar top­lu­my «AMC En­ter­tain­ment» ABŞ-nyň al­tyn ga­zyp al­ýan «Hycroft Mi­ning» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­nyň 22 gö­te­ri­mi­ni sa­tyn alan­dy­gy­ny mä­lim et­di. Be­ýa­na­ta gö­rä, kom­pa­ni­ýa, tak­my­nan, 23 mil­lion­dan gow­rak paý­na­ma­la­ry hem-de şol muk­dar­da­ky ke­pil­na­ma­la­ry ABŞ-nyň 27,9 mil­lion dol­la­ry­na sa­tyn al­dy. «Hycroft Mi­ning»-iň «Highcroft» kä­nin­dä­ki äti­ýaç­lyk­la­ry, tak­my­nan, 15 mil­lion un­si­ýa al­tyn­dan, 600 mil­lion un­si­ýa kü­müş­den yba­rat­dyr. Ge­çen bir­ža söw­da­la­ryn­da «Hycroft Mi­ning»-iň paý­na­ma­la­ry 86,33% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 2,59 dol­la­ry­na deň bol­dy.

«Mas­tercard» hyz­mat­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň tä­ze sa­na­wy­ny çy­kar­dy

Ge­çen hep­de dün­ýä­dä­ki iň uly plas­tik kar­toç­ka­la­ryň bi­ri bo­lan «Mas­tercard» «Buy Now, Pay La­ter» prog­ram­ma­sy üçin hyz­mat­daş kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň tä­ze sa­na­wy­ny çy­kar­dy. «Mas­tercard»-yň hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­na­wyn­da der­man­ha­na ope­ra­to­ry «Walg­reens Boots Al­liance», «Cabe­la» hem-de egin-eşik ön­dü­ri­ji­ «Saks Fifth Avenue» we beý­le­ki iri kom­pa­ni­ýa­lar bar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, BNPL hyz­ma­ty «Mas­tercard»-yň esa­sy ösüş he­re­ket­len­di­ri­ji­si­dir. Umu­man, «Mas­tercard» soň­ky bir­nä­çe ýyl­da hä­zir­ki ula­ny­jy­la­ryň is­leg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry üp­jün et­mä­ge taý­ýar­dy­gy­ny su­but et­di.

Telefon arkaly söhbetdeşlikler halkara guramalaryň, hyzmatdaş döwletleriň Türkmenistan bilen hoşniýetli gatnaşyklara ygrarlydygyny görkezýär

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi. Şunda döwlet Baştutanymyz öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi. BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň, Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň, Özbegistan Respublikas

Daşary ykdysady gatnaşyklar: şertler we mümkinçilikler

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň täze tapgyrynyň badalgasy boldy. Milli maksatnamada ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, syýasy jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer ösüşleriniň hemme ugurlarynyň mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, aýdyň wezipeler kesgitlenen. Onda daşary söwda dolanyşygyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, eksporty artdyrmagyň we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmegiň esasy ugurlary seljerilip, täze wezipeler öňe sürülýär. Olary üstünlikli ýerine ýetirmekde pugta ykdysady, maliýe, guramaçylyk, intellektual ösüş we zähmet şertleri döredildi. Halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ykdysady gatnaşyklar ulgamy-da netijeli ösdürilýär. Ýurdumyzy dünýäniň ykdysady taýdan ösen döwletine öwürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu işleri netijeli durmuşa ornaşdyrmakda daşary ykdysady gatnaşyklaryň orny örän uludyr. Ulgamyň özenini, esasan, söwda dolanyşygy düzýär.

Türkmenistan – ÝUNESKO: netijeli hyzmatdaşlyk

Türkmenistan ÝUNESKO bilen gatnaşyklary işjeň ösdürmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşýar. ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy-medeni gymmatlyklary goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar. Ylym-bilim, medeniýet we taryhy-binagärlik ýadygärliklerini aýawly saklamak ulgamlary hem-de ekologiýa ugry boýunça köpýyllyk gatnaşyklar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen özara gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň innowasion ösüş, sanlylaşdyrmak, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak ýoluna düşmegi bilen baglylykda, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek we ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikler açylýar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanda geçirilýän, gatnaşyklary ýola goýmaga we pugtalandyrmaga hem-de ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny işläp taýýa