"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Hoşniýetli goňşuçylyga, dostlukly ýörelgelere ygrarlylyk

Şu ýyl Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda türkmen-özbek döwletara gatnaşyklary okgunly ösdürildi we hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ähli ugurlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyryldy. Bu şanly senäniň bellenilen gününde — 7-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda-da ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň başynda Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany birek-biregi Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Taraplaryň umumy pikirine görä, häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen yzygiderli b

Parlamentara gatnaşyklar ýurtlary ýakynlaşdyrýar

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alan ilkinji günlerinden bäri Russiýa Federasiýasy bilen özara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu gün köpasyrlyk taryha, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan türkmen-rus gatnaşyklary ösüşiň täze tapgyryna — çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykaryldy. Şunda ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi berkitmegiň ygtybarly gurallarynyň biri hökmünde parlamentara gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir. Şu ýylyň 30-njy ýanwarynda RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen dürli derejede geçirilen gepleşikler hem bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmekde möhüm ädime öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin bilen geçiren gepleşikleriniň dowamynda häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Şunda myhman Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Moskwa şäherine amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigini aýratyn nygtady.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy

Türkmenistanda hem Özbegistanda dabaralandyrylýar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynda ýakyn goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda diplomatik gatnaşyklara resmi taýdan badalga berilmegi bilen, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga, özara ynanyşmaga esaslanýan netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Bu gün ähli ugurlarda depginli ilerledilýän türkmen-özbek hyzmatdaşlygy ösüşiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagta çenli hereket edýän halkara resminamalaryň 300-e golaýy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny emele getirip, hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugurlarda has-da giňeltmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär.

Ýürekdeş duýgudaşlyk

Arkadagly eýýamymyzda hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda goňşulary bilen hoşniýetli gatnaşyklary alyp barmagyň dostlugy berkidiji däplerini döreden ata-babalarymyzyň  ynsanperwer ýörelgeleri çuň mazmun bilen baýlaşýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça türkmen halkynyň Milli  Lideri Gahryman Arkadagymyzyň 8-nji fewralda Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna baryp, Türkiýe  döwletiniň günorta-gündogar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelerine we giň möçberli weýrançylyklara getiren güýçli ýertitreme zerarly doganlyk ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirmegi kalplara ynjalyk berýän duýgulary döretdi.

Doganlyk ýurtlaryň dostlugy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler täze üstünliklere beslenýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle buýsandyryjy çäreleriň netijesinde bu gün Daşoguz şäherimizi toý şatlygy gurşap aldy. Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň welaýatymyza ilkinji iş saparynyň çäklerinde açylyp ulanylmaga berlen Daşoguz welaýat Köpugurly hassahanasynda dabaraly çäreler geçirildi. Özbegistan döwletinden «Tiz kömek» awtoulaglary türkmen milli däp-dessurlaryna laýyklykda garşy alyndy. Saglygy goraýyş ulgamyna gelip gowşan bu awtoulaglar ynsan saglygyny gorap saklamak hakynda edilýän aladanyň aýdyň nyşanydyr.

Dostlukly ýurtdan «Tiz kömek» awtoulaglary gelip gowuşdy

Özbegistan Respublikasyndan biziň ýurdumyza tiz lukmançylyk kömegini amala aşyrmaga niýetlenen awtoulaglar gelip gowuşdy. «Volkswagen» kysymly «Tiz kömek» awtoulaglarynyň uzyn kerweni Daşoguz welaýatynda guramaçylykly garşylanyldy. Milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, lukmançylyk maksatly täze awtoulaglara ak un sepildi hem-de üzärlik tütedilip, alajalar daňyldy. Häzirki wagtda türkmen-özbek gatnaşyklary birek-birege hormat we sarpa goýýan, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajypdygyna düşünýän doganlyk döwletleriň, hakyky dostlaryň, deňhukukly hyzmatdaşlaryň dialogydyr. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilen gününde — 7-nji fewralda hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň degişli möçberiniň muzdsuz iberilmegi, ýurdumyza Özbegistanda öndürilen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Zähmet üstünlige beslenýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürmekde, halkymyzyň ýaşaýyş--durmuş derejesini, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakda bimöçber uly işler durmuşa geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen tutumly, döwlet ähmiýetli işleriň bady artýar. Milli ykdysadyýetimiziň obasenagat pudagyny, esasanam, onuň köpugurly gaýtadan işleýän pudagyny, eýeçiligiň dürli görnüşlerini, aýratyn-da, hususyýetçiligi ösdürmäge düýpli maýa goýumlary bölünip berilýär we iş ýüzünde özleşdirilýär. Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmäge, azyk bolçulygyny döretmäge türkmen telekeçileri öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar ösen tehnologiýaly döwrebap kämil önümçilik toplumlaryny gurýarlar. Ekologiýa taýdan arassa önümçiligiň ösmegi bilen ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň desterhanlary ýylyň bütin dowamynda ýokary hil derejeli, ýokuma baý gök-bakja, miwe önümleri bilen üpjün edilýär. Şeýlelikde, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilip, täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Türkmenistan we Russiýa ulag geçelgeleriniň gurluşyklaryny utgaşdyrar

Russiýa Federasiýasy Kazan şäherinde geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi» halkara ykdysady forumynyň çäginde gündogar Aziýa ýurtlary bilen ulag we demir ýol gurluşyklarynyň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça döwletara ylalaşyklara gol çekmegi meýilleşdirýär.  «Biziň Gazagystan, Türkmenistan, Eýran we Hindistan ugurlaryna ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek boýunça wajyp wezipelerimiz bar. Hazar deňziniň gündogaryndaky ulag şahasy arkaly ýükleriň daşalyşyny artdyrmak, ulag we demir ýol taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça degişli döwletler bilen ylalaşyklara gol çekmegi göz öňünde tutýarys» diýip, Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin Kazanda geçiriljek halkara ykdysady forum boýunça guramaçylyk komitetiniň birinji mejlisinde mälim etdi.

«Türkmen Logistika» bilen CILT Central Asia-nyň arasynda wideomaslahat geçirildi

«Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri Merkezi Aziýanyň Patyşalyk Logistika we ulag institutynyň (CILT Central Asia) hünärmenleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdiler. Iş maslahatynyň dowamynda iki tarapyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylda bilelikdäki çäreleri meýilleşdirmek, CILT Central Asia-nyň okuw meýilnamalaryny guramak we Assosiasiýa agza kompaniýalaryň wekilleriniň özara gatnaşygyny guramak barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyna eksporty 2,8 esse artdy

2022-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky söwda dolanyşygy ozalky ýylyň degişli döwründäkiden 2,6 esse ýokarlanyp, 79,6 million dollara deň boldy. Bu barada «Trend» habarlar agentligi Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp habar berýär. Özara söwdanyň agramly bölegini Türkmenistanyň eksporty düzýär. Geçen ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyna eksporty 2,8 esse ýokarlanyp, pul hasabynda 75 million dollar töweregi boldy. 2021-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň bu ýurda eksporty 26,6 million dollara barabar bolupdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 7-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Şu taryhy wakadan soňky geçen ýyllaryň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösdürilendigi hem-de onuň hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk, özara düşünişmek esasynda hemme ugurlarda pugtalandyrylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda goňşy ýurtlar bilen ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça syýasat üstünlikli dowam etdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna degişli möçberde suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy munuň subutnamasydyr. Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Prezidentleriniň tagallalary netijesinde iki goňşy we dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ugurlaryň giň gerimi, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça depginli ösdürilýär. Häzirki döwürde iki ýurduň gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, özara hyzmatdaşlyk barha pugtalandyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistandan Özbegistan Respublikasyna suwuklandyrylan gazyň iberilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda suwuklandyrylan gazyň muzdsuz ugradylmagy ikitaraplaýyn dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Özbegistana dost-doganlyk kömegini bermek maksadyna gönükdirilendir.

Dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň daýanjydyr Aýdylyşy ýaly, geografiýa — ykbal. Asyrlaryň dowamynda bir derýanyň suwuny içip, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasyny döreden türkmen we özbek halklarynyň gatnaşyklary hakynda söhbet edilende, şu jümläniň many ýumagy öz-özünden çöşleniberse gerek, megerem. Elbetde, ikitaraplaýyn gatnaşyklarda dosty saýlap bolýar, ýöne goňşyny welin, islege görä saýlap ýa çalşyp bolmaýar. Ol — tebigatyň, ykbalyň eçilen peşgeşi. Merkezi Aziýanyň ýüreginde, Amyderýanyň we Syrderýanyň aralygynda ýerleşen, gadymyýetde Beýik Ýüpek ýolunyň dynuwsyz kerwenlerini goýnundan geçiren Özbegistan bu gün biziň ýurdumyzyň diňe bir hoşniýetli goňşusy däl, eýsem, gadyrly garyndaşy, ýürekdeş dosty, ygtybarly hyzmatdaşydyr hem. Şu ýyl bolsa türkmen we özbek halklary häzirki zaman taryhyndaky möhüm senäni — diplomatik gatnaşyklara resmi taýdan badalga berilmeginiň şanly 30 ýyllygyny bilelikde dabaralandyrýarlar.

Muzeý gymmatlyklary we halkara tejribe

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler» atly brifing-maslahat geçirildi. Maslahat wideoslaýdly çykyşlar we sorag-jogap görnüşinde bolup, oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleri, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Kitap halklary ýakynlaşdyrýar

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi. Onuň bilen utgaşykly geçirilen beýleki çärelere hem işjeň häsiýet mahsus boldy. ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou Balkanabat şäherinde bolup, welaýat merkezindäki durmuş maksatly, medeniýet we bilim desgalaryna baryp gördi hem-de olarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

Türkmenistan Russiýanyň günorta sebite geçelgesi hökmünde çykyş eder

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijesinde ýakyn geljekde Russiýanyň Günorta Aziýa çykalgasy hökmünde Türkmenistanyň geçelge bolup hyzmat etjekdigi dogrusynda “OilPrice” internet resursy habar berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýanwar aýynda geçirilen ikitaraplaýyn ýokary derejeli gepleşikler hem öz mazmunynda bu babatdaky gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagy täze taslamalary durmuşa geçirmegi nazarda tutýar diýlip çeşmäniň sahypalarynda bellenilip geçilýär.

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi

Aşgabat, 6-njy fewral (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerindäki giň gerimli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylda, hususan-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe süren teklipleriniň çäklerinde özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.

Dost didary dünýä deň

Türkmen we özbek halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Taryhy ösüşindäki, medeniýetindäki we däp-dessurlaryndaky umumylyklar halklarymyzy ýakynlaşdyrýar. 1993-nji ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy döwletlerimize ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplamaga ýardam etdi. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň okgunly ösüşi syýasy, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça ysnyşykly gatnaşyklara esaslanýar. Halkara giňişligindäki tagallalar

Media giňişligindäki hyzmatdaşlyk

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasatyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 18-nji fewralynda ýola goýuldy. Iki dostlukly ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, ylym-bilim, medeniýet-sungat, sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga dostlukly ýurtda uly sarpa goýulýar. Gazetimiziň şu gezekki sanynda Eýran Yslam Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri barada käbir maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.