Owazasy dünýä dolýan şäher
Köpetdagyň eteginiň gözel künjeginde gurlan Arkadag şäheriniň toý ruhunda açylanyna sanlyja gün boldy. Şeýle-de bolsa, ol ýerde giň gerim alan halkara derejesindäki çäreler, şol sanda halkara forumlar dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Arkadag şäheriniň kaşaň binalarynda “Arkadag şäheri — ahalteke bedewleriniň mekany”, “Türkmenistanyň lukmanlarynyň jemgyýetçilik guramasy”, “Arkadag şäheri — sanly we akylly tehnologiýalaryň mekany” atly halkara ylmy maslahatlaryň, “Arkadag şäheri ekologiýa abadançylykly tebigatyň gözel ýeri”, “Arkadag şäheri — gurluşygyň we senagatyň beýik nusgasy” atly halkara maslahatlaryň, şeýle-de futbol boýunça tälimçileriň halkara okuw maslahatynyň işjeňlikde geçendigini buýsanç bilen bellemelidiris.