Ganatsyz uçýan oglanjyk
Hany, aýdyň, siziň pikiriňizçe, söýgüli gahrymanlaryňyzyň haýsy biri has gyzykly, özüneçekiji?! Mauglimi, Tarzanmy, Hudaýberdi gorkakmy, Ýartygulakmy, Japbaklarmy... — haýsy biriniň adyny saýlap tutanyňyzda-da her biriňiziň öz söýgüli gahrymanyňyzyň bardygy çyn. Ylalaşýarsyňyz gerek?! Özüm-ä ylalaşýan, ine, gyzjagazlar işjanly, zähmetsöýer Zoluşkany halasalar, oglanjyklar batyr, edermen, ugurtapyjy gahrymanlary saýlap tutýarlar. Bu bolsa her bir çaganyň öz dünýägaraýşyna, gylyk-häsiýetine kybap gelýän gahrymanlarynyň bolýandygyny aňladýar. Men öz söýgüli gahrymanym barada aýtsam, ol hiç kimiňkä meňzemeýär. Bilýäňizmi näme, çagajyk wagtym guşlar ýaly uçmagyň arzuwyny edýärdim. Megerem, şonuň üçindir, meniň halaýan gahrymanym uçubam bilýär, dünýä seýran edibem. Onuň kimdigini bilýärsiňizmi?! Hawa, ol ganatsyz-persiz uçup bilýän Piter Pen. Megerem, ony her biriňiz tanaýan bolsaňyz gerek. Ol — hiç haçan ulalmaýan, hemişe çagalygynda galýan şadyýan, göwnaçyk oglanjyk. Ol, aslynda, şotlandiýaly ýazyjy Jeýms Barriniň ertekisi esasynda dünýä ýaýran, ähli çagalaryň söýüp tomaşa edýän gahrymany boldy. Piter Pen baradaky multfilme tomaşa eden bolsaňyz, ugurtapyjy, çalasyn Piter Pen öz deň-duşlarynyň iň ýakyn dostuna, syrdaşyna öwrülýär. Ol islendik ýere uçup gidip, hemmelere kömege ýetişýär, çagalara şatlyk, wagtyhoşluk paýlaýar, olara dostluk goluny uzadýar. Onuň ýanynda ýene-de bir uçý