Söz ussadynyň meňzetmeleri

4 Noýabr 2024
400

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ummana deňelýän çeperçilik dünýäsi müň dürli öwüşgini bilen üç ýüz ýyl bäri ynsan kowumynyň ruhuny ganatlandyryp gelýär. Şahyryň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmek hormatly Prezidentimiziň Magtymgulyny öwreniş ylmynyň öňünde goýan möhüm wezipesidir.

Magtymgulynyň döredijiliginde meňzetme häsiýetli setirler aýratyn orny eýeleýär. Daş-töweregini gurşap alan tebigat hadysalaryna, haýwanat we ösümlik dünýäsine içgin nazar salan akyldar ondaky dürli görnüşleri — bir zadyň başga bir zat bilen meňzeşligini görüp, bilip, ony şygryýetiň sazlaşykly setirlerine salypdyr. Bu usul, ýagny dürli täsinlikleri suratkeşlik bilen beýan etmek, adamyň ýüz-keşbindäki, häsiýetindäki aýratynlyklary tebigatyň ýaradan zatlary bilen baglanyşdyrmak onuň döredijiligine şahyrana öwüşgin çaýypdyr.

Atamyrat ŞAGULYÝEW,
žurnalist.
Beýleki habarlar