«Magtymguly, budur ykrar»

5 Noýabr 2024
289

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, beýik akyldarymyz, nusgawy söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek, giňden wagyz etmek işi yzygiderli häsiýete, giň gerime, ýokary derejä eýe boldy. Biz muňa 2014-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy, 2024-nji ýylda bolsa 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen we geçirilýän işleriň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Bu asylly işler beýik şahyrymyzyň ajaýyp şygyrlarynda welilik bilen beýan eden berkarar döwlet, halkyň agzybirligi baradaky arzuwlarynyň wysal bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen aýan edýär.

Bu hakda hormatly Prezidentimiz: «Dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragy bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandyr. Şonuň üçin şahyryň ömrüni we döredijiligini giňden öwrenmek bilen bagly işler abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleri tarapyndan uly goldawa eýe bolýar» diýip belleýär.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Bereketli toprak».
Beýleki habarlar