Akyldar şahyryň döredijilik mirasy – milli terbiýäniň nusgalyk mekdebi

6 Noýabr 2024
282

Her bir halk özüniň milli gahrymanyny ezizleýär, oňa kalbyndan hemişelik orun berýär. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem şeýle ägirtleriň biridir. Magtymguly Pyragynyň şygryýetini iň bir beýik zatlara, gymmatlyklara deňemek bilen bir hatarda, olary türkmen kalbynyň aýnasy diýip hem suratlandyrýarlar. Akyldaryň şygyrlaryny agzybirlik, päkgöwünlilik, halallyk çakylykçysy diýip atlandyrmak bilen, olary egsilmeýän derýa, ynsanlary ruhy teşnelikden gandyrýan güzere meňzedýäris. Söz ussadynyň her bir setiri watansöýüjilige, agzybirlige, bir-birege hormat-sylaga çagyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly baýram edilmegi her birimiziň göwnümizi ganatlandyrýar.

Türkmen halkynyň durmuşynda ähli döwürlerde bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de Magtymguly Pyragynyň her bir setiri ýaş nesil üçin terbiýe mekdebi bolup durýar. Akyldaryň çuňňur mana eýlenen setirleri her bir türkmeniň çagalygyndan, ýaşlygyndan ýüreginde ýaşap ugraýar. Hut şonuň üçin-de 2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar Pyragynyň 300 ýyllygynyň uludan bellenilmegi her birimiziň ruhumyzy galkyndyrýar. Magtymguly Pyragynyň öňe süren watanperwerlik, ynsanperwerlik, ylymlylyk, danalyk, wepadarlyk, adalatlylyk, halallyk, rehimdarlyk, il-güne sylag-hormat goýmak, edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, hünärlilik ýaly kämil ahlak sypatlary onuň adyny daglardan, derelerden, asyrlardan hem-de ähli eýýamlarda aşyran filosofik hakykatdyr, şeýle hem ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Şahyryň ideýalaryny okap öwrenen we onuň pendini tutan adamda geçmişe, şu güne, şeýle hem geljege çäksiz buýsanç we guwanç duýgularyny döredýän ruhy kuwwatlykdyr.

Şasenem ROZBAÝEWA,
Çärjew etrabynyň 47-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar