Obamyň gyz-gelinleri (Oýlanma)

5 Noýabr 2024
302

Obamyzda şatlyk-şagalaň höküm sürýär. Toý lybaslaryny geýip gelen märekäniň ýüzünde ata Watana bolan buýsanç bar. Toý gazanlary gaýnap, aýdym-sazyň owazy ýaňlanyp, üsti oglan-gyzly hiňňildikler bat alýar. Bu gün ene topragyň eçilen bol hasylyny ýygnan daýhanlar naz-u-nygmatly desterhanyň başynda Hasyl toýuny toýlaýarlar.

«Ene toprak» diýlip ezizlenýän, giňligi gözýetime sygmaýan alyslyga uzap gidýän türkmen sährasy. Zähmetsöýerligi, yhlaslylygy bilen sährany jennete öwrüp, gözel ýaşaýşy döredýän pagtaçy Aýsenemler, narçy Nurjemallar, gallaçy Orazgüller, sagymçy Marallar... göz öňünde janlananda, olaryň Gün nuruna gaýzygan mähriban keşbinde egsilmez gaýratyň, ýaşaýşa söýginiň bardygyny duýmak bolýar. Olaryň daň şapagy dünýäni ýagtyldyp ugradygy, «Başgalary oýadaýmaýyn» diýip, gapyny emaý bilen açyp, seýkin basyp, gündeki işlerine başlaýşyny aňyňda aýlanyňda, zenan ýüreginiň mähribanlygyna, sadalygyna, haýran galýarsyň. Olara ýöne ýere: «Obamyzyň her säherini güler ýüz bilen garşylaýan gyz-gelinleri» diýip guwanmaýarlar ahbetin!

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar