"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyga gönükdirilen ýörelge

Taryhda müdimilik ýitmejek yz galdyran ata-babalarymyz asyrlarboýy dünýäde baky parahatçylygyň berkarar bolmagynyň, döwletleri, halklary agzybirlige çagyryp, birek-birek bilen dostana gatnaşyklary ýola goýmagyň tarapdary bolupdyr. Ata-baba gelýän bu ýol-ýörelgäni yzygiderli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzy parahatçylygyň, asudalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurduna öwürdi. Batly gadamlary bilen öňe barýan ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly, dünýä ýurtlarynyň ençemesi bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Bu dostana gatnaşyklar hem pähimli pederleri parahatçylygyň küýseginde bolan halkymyzyň bütin dünýäde asudalygyň, halklar arasyndaky dost-doganlygyň dabaralanmagyna uly goşant goşýandygynyň aýdyň beýanydyr. Paýtagtymyzda hereket edýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işleri hem bu aýdanlarymyzy ýene bir gezek subut edýär. Bu hem döwletimiziň yzygiderli alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna wepalydygynyň aýdyň subutnamasy bolup, Türkmenistanyň we BMG-niň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Şunuň özi hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gün-günden ilerleýändigini aňladýar.

2021-nji ýylyň maýy: milli Liderimiziň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aýda geçirilen köp sanly işewür duşuşyklar, gepleşikler, syýasy geňeşmeler, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler we ýurdumyzyň durmuşyndaky beýleki wakalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar durmuşyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine netijeli döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan “Açyk gapylar” syýasaty bilen baglylykda geçirilýän bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny açmaga hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi — aýry-aýry daşary ýurt döwletleri hem-de iri halkara we abraýly sebit guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary okgunly ösdürmäge ýardam etdi.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri täze eýýamyň sazlaşykly ösüşini we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açyp görkezýär. Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik işler Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli syýasatlarynyň çuňňur many-mazmunyny aýdyň ýüze çykarýar. Bu bolsa parahatçylyk we ynanyşmak esasynda ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ýörelgeleriniň maksada okgunly, yzygiderli we anyk durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär. Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, geçirýän her bir maslahatlarynyň, ozaly bilen, halkymyzyň jebisligini berkitmek,il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyna, umumadamzat ähmiýetli asylly başlangyçlaryň gözbaşynda durandygyna biz her ädimde şaýat bolýarys. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň islendik hoşniýetli döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de ösdürmegi hemişe ileri tutýandygyny parasatly belleýär.Şeýle çuňňur many-mazmunly, parasatly ýörelgeler eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gözbaş alýan daşary syýasatynyň esasy ugruny, ýol-ýörelgesini kesgitleýär we äşgär edýär.Çünki ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň, birek-birege ynanyşmagyň hemişe ösüşlere eýe edýändigini, raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün edýändigini aýdyň beýan edýär. Şoňa laýyklykda, dünýäniň ähli döwletleri hem-de iri halkara guramal

Bitaraplyk — parahatçylygy döretmek sungaty

5. Bitaraplyk — asudalygyň aýdyň ýoly Türkmenistanyň Bitaraplygynyň düýp esaslaryny döwletimiziň Garaşsyzlygyny alan döwründäki taryhy şertlerden gözlemek dogry bolar. XX asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyry we 90-njy ýyllarynyň başy dünýäniň syýasy keşbini düýpli özgerden ägirt uly wakalaryň döwri hökmünde taryha girdi. Bu döwürde SSSR-iň dargamagy bilen, onuň düzümindäki respublikalar garaşsyzlyk ýoluna düşdüler. Netijede, Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny yglan edip, dünýä bileleşiginiň deň hukukly agzasyna öwrüldi.

Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Parahatçylyk, ynanyşmak ynsan durmuşynda esasy zerurlyklaryň biridir. Ynanyşmagyň bar ýerinde hormat, sarpa dabaralanýar. Ynanyşmak we parahatçylyk ykdysady, syýasy, medeni ösüşleriň binýadydyr. Ählumumy howpsuzlyk, abadançylyk Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň beýik işleri, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak maksady bilen öňe sürýän başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Halkara gatnaşyklaryna giň gerim berýän ýurdumyz sebitara hyzmatdaşlygyny, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işler Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň abraýyny arşa galdyrýar. Diýarymyz BMG-niň alyp barýan umumadamzat bähbitli işlerinde halkara jemgyýetçiligini gyzyklandyrýan möhüm meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar.

Parahatçylygyň we hoşniýetliligiň ýörelgesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasaty, halkara gatnaşyklary milli bähbitler bilen birlikde dünýäniň, sebitiň ýurtlarynyň, halklarynyň bähbitlerine gönükdirilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürýär we möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär. Dünýä bileleşigi baky Bitarap Türkmenistany umumadamzat we sebit ähmiýetli meseleleriň oňyn çözülmeginde mynasyp we ynamdar hyzmatdaş hökmünde giňden ykrar edýär. Şunda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň dünýä jemgyýetçiligi üçin möhüm bolan Kararnamalaryň kabul edendigini ýatlap geçmek bolar. Özara hyzmatdaşlygyň täze mysallary hökmünde 2019-njy ýylda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň üçüsine: 2020—2023-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020—2022-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020—2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanandygyny we beýleki birnäçe ýakymly mysallary ýatlap geçmek bolar.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 1-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň wekiliýeti onlaýn görnüşde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň ikinji baş maslahatyna gatnaşdy. Bu maslahat utgaşykly görnüşde Pakistanyň Yslamabat şäherinde öz işine başlady.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatyna eýerip

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk AŞGABAT, 28-nji maý (TDH). Türkmen parlamentarileri sanly wideoaragatnaşyk arkaly, şu günler Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän IX Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdylar. GDA agza ýurtlaryň Parlamentara assambleýasy tarapyndan guralan forum “Planetanyň ekologiýasy — durnukly ösüş” ady bilen geçirildi.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat şu gün — 28-nji maýda tamamlanýar.

Parahatçylyk ýurdumyzyň röwşen ýoludyr

Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyz Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary netijesinde sebitara hyzmatdaşlygy, ikitaraplaýyn özara peýdaly we hoşniýetli gatnaşyklary ileri tutýar we onuň barha ösdürilmegi üçin tagalla edýär. Ählitaraplaýyn bähbitli şeýle hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň oňyn Bitaraplyk we hoşniýetli halkara gatnaşyklarynyň ykrar edilen ýörelgelerine esaslanýandygyna doly şaýatlyk edýär. Türkmenistan diňe Merkezi Aziýada däl-de, eýsem, bütin dünýäde ykrar edilen ylalaşdyryjy merkez, baky Bitarap döwlet hökmünde giňden meşhurdyr. Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanmak bilen, Türkmenistan dünýäde parahatçylyga we köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlyklaryna gönükdirilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly olaryň döwletara derejesinde, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli ösdürilmegi ugrunda başlangyçlara badalga berýär. Iki sany uly yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşen Türkmenistan asyrlaryň hem-de müňýyllyklaryň sepgidinde asudalygyň we durnuklylygyň gyşarnyksyz utgaşmagy bilen tapawutlanýan döwlet düzgüniniň özboluşly nusgasyny dünýä ýaýdy. Mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuşa geçirilen ähli işler, ýetilen belent sepgitler, ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň synmaz syýasy erk-isleginiň, pähim-parasatynyň we gujur-gaýratynyň netijesidir. Milli Liderimiziň döwleti dolandyrmakda, ýurdy ösdürmekde maksada

Parahatçylyk hem ynam — baş ýörelgämiz

Hormatly Prezidentimiz döwlet başyna geçen ilkinji gününden ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnukly ösüş ýoluny öňe sürdi. Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ygtybarly ýol bilen geljege barýan ýurdumyzyň saýlap alan ählumumy ösüş ýoly, taryhy gadymyýetden gaýdan halkymyzyň şöhratly geçmişinden gözbaş alýar. Türkmen halky islendik maslahat-geňeşde söz jemlenende «Dünýä abadan bolsun, iller — parahat!» diýip, köňül kelamyny ak ýürekden beýan edýär. Döwlet Baştutanymyz dana pederlerimiziň beýik parasadyndan ugur alyp, bir halkyň ýa-da ýurduň bagtyýarlygynyň ýeterlik däldigini, onuň ähli halklaryň, döwletleriň bagtyýar ýaşaýşyny öz içine almalydygyny tekrarlaýar we özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bu hakynda: «Türkmenistan bitewülik ýörelgelerine ynsanperwerligiň nukdaýnazaryndan baha berýär we onuň umumy esaslaryny pugtalandyrmak ugrunda öňe hereket etmäge çalyşýar. Munuň özi umumadamzat bähbitli tagallalarymyzda öz beýanyny tapýar» diýen paýhasly jümleleri getirýär.

Türkmenistanyň ählumumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wajyp başlangyçlary

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň ýokary derejeli forumynda çykyş etdi Aşgabat, 25-nji maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Gazylyp alýan pudaklar durnukly ösüşiň hereketlendirijisidir” mowzugy bilen geçirilen ýokary derejeli ählumumy “tegelek stoluň” başyndaky maslahata gatnaşdy. Onlaýn görnüşdäki maslahaty Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň gazylyp alynýan senagat boýunça ýokary derejeli ählumumy forumynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 25-nji maýy) Hormatly Baş sekretar!

Parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany

Bu ýyl biziň ýurdumyz üçin aýratyn ýyl. Şu ýyl biz hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllygyny uly dabara bilen belläris. Bu sene tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýete eýedir, sebäbi halkara gatnaşyklarynyň taryhynda ilkinji gezek Türkmenistanyň Bitaraplygy barada BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda karar kabul edildi, ol 185 ýurduň wekilleri tarapyndan tassyklandy. Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagyna, döwletleriň arasynda özara peýdaly we dostlukly gatnaşyklara goşant goşup, oňyn Bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine berk eýerýär. BMG-niň Baş Assambleýasy 193 döwletiň goldawy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda hemişelik Bitarap Türkmenistanyň işjeň parahatçylygy goraýyş we konstruktiw missiýasyny ykrar edip, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň statusyny tassyklaýan Karary ikinji gezek kabul etdi. Şeýlelik bilen, halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan deň döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy hökmünde kabul edilýär.

«Türkmenistan – ýaşamak üçin ajaýyp ýurt!»

Bu sözleri dürli ýurtlaryň wekilleri guwanç bilen aýdýarlar Hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän her bir täze kitaby Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanydygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary halkymyz üçin gymmatly sowgada öwrülip, dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar AŞGABAT, 20-nji maý (TDH). Şu gün Söwda-senagat edarasynda geçirilen, Aşgabadyň dostlaşan we doganlaşan şäherleriniň ýolbaşçylarynyň halkara wideomaslahaty şanly senä — türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygyna bagyşlanyldy. Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly geçirilen baýramçylyk forumyna dünýäniň dürli döwletleriniň — goňşy hem-de beýleki sebitleriň paýtagtlarynyň we şäherleriniň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Baky Bagtyýarlygyň aýdyň ýoly

Dünýä jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiziň bütin adamzadyň parahatçylykda ýaşamaklaryny maksat edinýän we döwrüň gaýragoýulmasyz wezipelerini çözmäge ýardam berýän halkara başlangyçlaryny tutuşlygy bilen goldaýar. Bu bolsa ýurdumyzyň beýleki halkara we sebitara guramalary bilen arkalaşykly hereketiniň netijeli ugruny has-da ýokary göterýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklaryny döwrüň talaplaryna we milli bähbitlere laýyklykda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşlerde alyp barmakda giň mümkinçilikler gazanylýar. Eziz Diýarymyz bu gün parahatçylyk dörediji we durmuşa geçiriji ýurt hökmünde dünýäde uly abraýdan peýdalanýar. Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty sebitleýin we dünýä döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyga oňyn täsir edýär. Şeýle hem ähli ýurtlaryň we halklaryň abadan geljegine hyzmat edýär. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat bolsa sözüň doly manysynda dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi.

Mil­li Li­de­ri­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän “Açyk ga­py­lar” sy­ýa­sa­ty­nyň ug­ry bi­len

Da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­lar bi­len no­bat­da­ky wi­deo­du­şu­şyk­ AŞ­GA­BAT, 19njy maý (TDH). Şu gün Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de Aş­ga­ba­dy “Di­zaýn” ug­ry babatda BMGniň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet me­se­le­le­ri bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň (ÝU­NES­KO) dö­re­di­ji­lik şä­her­le­ri­niň to­ru­na goş­mak bo­ýun­ça iş wi­deo­mas­la­ha­ty ge­çi­ril­di. Oňa ýur­du­my­zyň ÝU­NES­KOnyň ýa­nyn­da­ky he­mi­şe­lik we­ki­li hem gat­naş­dy.

Parahatçylygyň we ösüşiň ýoly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň daşary syýasatynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşlerine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda alnyp barylýan işler dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde öňe sürülýän netijeli başlangyçlaryň ählumumy ykrarnama eýe bolýandygyny şertlendirýär. Bu bolsa eziz Diýarymyzyň baky Bitaraplyk taglymatyna uly hormat goýulýandygyny görkezýär. Şeýle hem dünýäniň syýasy giňişliginde Garaşsyz döwletimize täze sepgitlere ynamly ýetmäge ýardam berýär.

Parahat ýaşasyn bütin ýer ýüzi!

Gahryman Arkadagymyzyň — çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiziň pederi, mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň has irki döwürde, ýagny 11-12 ýaşlaryndaka ýazan «Uruş bolmasyn!» atly goşgusynda şeýle dogaýy setirler bar: Jahanda bu uruş iň soňky bolsun, Adamzat başyna gaýdyp gelmesin! Parahat ýaşasyn bütin Ýer ýüzi — Mundan beýläk şeýle uruş bolmasyn!