"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pursatlar

1964-nji ýyl. Mary şäheriniň 10-njy orta mekdep-internatynda gutardyş synaglary gidýärdi. Mekdebiň uzyn zalyndan elleri depder-kitaply oglan-gyzlar eýläk-beýläk geçýärdiler. Ikinji gata galýan basgançaklardan ýokaryk hasanaklaşyp barýanlaryň arasynda bir orta boýly dogumly ýigit egnindäki mahmal gaply dutary bilen boýdaş ýalydy. Ol gutardyş synaglaryny tabşyrýan okuwçylaryň biridi. Synag alýan mugallymlar oňa: «Aýdym aýdyp berseň, gowy baha goýarys» diýip degişdiler. Gutardyş synagy tamamlanansoň, dabara başlandy. Dabara geçýän ýerdäki oturgyçlary oglanlar bilen daşyna çykardyk. Ýere düşek düşeldi. Pessejik sahna haly-palas ýazyldy. Orta çäýnek-käse goýuldy. Ýaňky ýaş ýigit bilen eli dutarly bir görmegeý adam sahnada oturdy. Ol Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda işleýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Atajanowdy.

Söz — medeniýet işgärlerinden

Abdylazym REJEBOW,Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, režissýoryň kömekçisi: — Medeniýet hepdeliginiň Arkadag şäherinde geçirilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Biz hem Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň agzybir döredijilik işgärleri bolup, Magtymguly Pyraga bagyşlanan «Älem nury» atly sahna oýnuny, şeýle-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen bilelikde «Göroglynyň döreýşi» atly teatrlaşdyrylan çykyşy taýýarladyk. Nesip bolsa, tomaşaçylaryň göwnünden turar diýen tamamyz bar. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, bütin halkymyzy gutlaýaryn.

Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ilkinji gezek bellenilmegi baradaky hoş habar medeniýet işgärleri hökmünde biziň buýsançly kalplarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy. Medeniýet hepdeliginiň golaýlap gelýän häzirki günlerinde Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi tarapyndan birnäçe meýilnamalaýyn çäreleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň medeni ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen utgaşykly çäreler geçiriler. Bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmagy üçin milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek, onuň baý many-mazmunyny içgin öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenlerimiz degişli işleri alyp barýarlar.

Medeni ojaklaryň mekany

Gojaman Köpetdagyň goýnunyň tebigy gözelligine görk goşup oturan Arkadag şäheri adamzat medeniýetiniň, siwilizasiýasynyň manysyny baýlaşdyrdy we olaryň geljekki ösüş ýoluna şöhle saçdy. Arkadag şäheriniň asyl tämizligini saklap oturan tebigatymyzyň goýnunda gurulmagy, ondaky ýaşaýyş-durmuş şertleriniň tebigata zeper ýetirmezlik maksadyny ileri tutýandygy türkmeniň tebigat bilen sazlaşykly gatnaşygy saklamak ýörelgesine ygrarlydygyny görkezýär. Adamzadyň bu häsiýeti onuň medeniýetiniň baş şerti. Arkadag şäherinde iň täze sanly tehnologiýalaryň ulanylandygyna garamazdan, şäheriň ekologik talaplara laýyk gelýändigi ösen medeniýetiň baş şertiniň berjaý edilýändiginiň subudy.

Myrat GULMÄMMEDOW, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy:

— Kakam döredijilik bilen içgin meşgullanýan maşgalada dünýä inýär. Atam Gulmämmet hem belli dutarçy hem-de zergär ussa bolupdyr. Kakamyň agasy Maşdy Gulmämmedow Mollanepes adyndaky akademiki döwlet drama teatrynyň direktory, režissýory bolup zähmet çekdi. Agam Baýram teatr suratkeşi bolup işledi. Uýam Maýa Gulmämmedowa hem Daşkent şäherinde ýerleşýän teatral çeperçilik institutyny tamamlap, ömür we döredijilik ýoluny teatr sungatyna bagyşlady. Kakamyň iň ýakyn ýardamçysy bolanam ejem. Ol — Türkmenistanyň halk artisti Maral Gulmämmedowa, opera aýdymçysydy. Şol wagtlar kakam dagyň çykyşyny adamlar obalardan şähere ýörite görmäge gelerdi. Teatryň zaly her oýunda dolardy. Öýümize-de hemişe medeniýeti we sungaty söýüji, türkmen teatr sungatyny ösdürmek ugrunda zähmet çekýän adamlar gelerdi. Olar täze sahnalary, oýunlary döretmegiň gürrüňini ederdiler. Kakam adamlar bilen duşuşyp, olardan köp zat öwrenerdi, şeýdibem häsiýet döretmäge zerur bolan ýollary tapardy. Beýik şahsyýetleriň keşbini döretmeli bolanda hem çeşmeleri öwrenip, olar bilen içgin tanşardy. Kitaby köp okardy, bize hem hemişe kitap okamagy ündärdi.

Täze şäheriň teatry

Arkadag şäheriniň Sabyr Ataýewa köçesiniň ugrunda ýerleşýän bu teatryň ajaýyp binasy ak mermer bilen örtülen. Onuň daş-töweregi gök baglar we suw çüwdürimli meýdançalar bilen gurşalan. 4 gatdan ybarat teatryň 1-nji gatynda giň eýwany, naharhanasy we 500 orunlyk tomaşaçylar zaly bar. 2-nji gatynda mejlisler zaly, administrasiýa we grim otaglary, maslahat zaly, şeýle-de tikin sehi ýerleşdirilen. Artistler üçin kiçi taýýarlyk zaly we ses ýazgy studiýasy teatryň 3-nji gatynda bolup, 4-nji gatynda uly taýýarlyk zaly gurnalan. Mundan başga-da, teatr internet ulgamy, sinhron terjime üçin enjamlar, sanly ulgamda ştanketler, aýlanýan sahna, gerekli bolan döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.

«Gözel sen» bilen ak pata alan

Halypa bagşymyz Sahy Jepbarow ähli aýdymlaryny şol bir dutarda ýerine ýetiripdir. Munuň sebäbi hem şol dutary oňa öz halypasy Hally bagşy sowgat beripdir. Sahy Jepbarow akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna birnäçe aýdymlary döredipdir. Olara «Gözel sen», «Türkmeniň», «Ýar ýüzünden», «Bizden ki uýat eýleýir», «Ili gözlär», «Bolar sen», «Boýlaryňa» ýaly aýdymlar degişlidir. Rowaýata görä, «Gözel sen» aýdymyny Sahy Jepbarow halypasy Hally bagşydan pata almak üçin ýerine ýetirip berýär. Aýdym halypasynyň göwnünden turýar. Sahy Jepbarow hem öz şägirtlerine ak pata berjek bolanda şol aýdymy aýtdyrýar eken. Ussat halypamyz Sahy Jepbarowyň döreden eserleri türkmen sungatynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, öz süýjüligini ýitirmän gelýär.

Ileri tutulýan ugur

Ösüşler bilen gurşalan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da döwletimiziň gazanýan üstünlikleri «Agzybirlikde döredijilikli işläp, döwrümizi, döwletimizi has-da beýgeltmelidiris. Geljege ynam bilen garap, öňe tarap buýsançly gadam urmalydyrys» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan beýik maksatlaryna daýanýar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanyp, rowaç menzillerde ynamly ädimler ädilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan medeniýet ulgamyna-da uly üns berlip, milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, dünýä ýaýmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy düýpli öwrenmek, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamak döwrümiziň medeni syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Alkyşymyz egsilmeýär

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ajaýyp zamanamyzda döwrebap bilim almagymyz, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ezberlik bilen baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegimiz üçin nusgalyk şertler döredilýär. Şol şertlerden peýdalanyp, maňa hem mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine taryh dersinden gatnaşyp, onuň döwlet tapgyrynda bassyr iki ýyllap baýrakly orunlary eýelemek miýesser etdi. Tamamlanan okuw ýylynda bolsa «Ýylyň okuwçysy — 2024» bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda baş baýraga mynasyp boldum. «Soňky jaň» dabarasynyň geçirilen gününde orta mekdebi üstünlikli tamamlandygym we ähli okuw derslerinden göreldeli ýetişip, köpçülik çärelerine işeňňir gatnaşandygym üçin hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmatbahaly sowgatlaryň gowşurylmagy başymy göge ýetirip, täze üstünliklere ruhlandyrdy. 

«Çalsana, bagşy!» — 2024

Owazy äleme ýaýran sungat Daşoguz şäheriniň gözel künjeginde ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda baý many-mazmuna eýe bolan bu aýdym-saz bäsleşiginiň esasy maksady merdana halkymyzyň adamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandyny şöhratlandyrmakdan, ussat halypa bagşylarymyzyň gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden, zehinli bagşy-sazandalary ýüze çykarmakdan we höweslendirmekden ybaratdyr.

Medeniýet hepdeligine

Bagşyçylygyň gadymy ojagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen milli medeniýetimiziň galkynmagy, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, dostluk festiwallarynyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylmagy, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dürli ýurtlarda geçirilýän festiwallara, ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň halkara derejede uly üstünliklere beslenmegine ýardam edýär.

Kalby joşgunly, ylhamy daşgynly

Şahyr Öwez Gurbanýazow bilen tanyşlygymyz geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň ahyryndan, has takygy, 1979-njy ýyldan gaýdýar. Orta mekdebi tamamlap, etrap «Dostluk» gazetiniň redaksiýasyna işe geldim. Şonda redaktor Täjibaý Jumanyýazow meni işgärler bilen tanyşdyrdy. Ortadan uzyn boýly, daýanykly, bugdaýreňk, agras ýüzli ýigidiň ýanyna baranymyzda: — Öwez-ä özüňem tanaýansyň. Senem ýazyp-pozup ýörsüň-ä — diýip, mylaýym ýylgyrdy.

Toý toýlaýar Diýarym

Indi birnäçe ýyldan bäri tomsuň ilkinji aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan bellenilýär. Dabarasy dag aşýan bu baýramyň gerimi tutuş bir hepdä ýaýraýar. Şu günler ýurdumyzyň iň owadan, dünýäni haýrana goýýan, ýaş şäheri bolan Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligine uludan taýýarlyk görülýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp toý ulus-ilimizi joşguna besläp, watandaşlarymyzyň ruhuny galkyndyrar. Arkadag şäherinde geçirilýän baýramçylyga welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, döredijilik we tans toparlarynyň Arkadag şäheriniň bezemen sahnalarynda çykyş ederler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow ýaly ussatlar hem bar.

Saz sungatynyň perwanasy

Sungat özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Hut şonuň üçin hem olaryň döredijiliginde ynsan kalbynyň gözelligini, durmuş häsiýetlerini hatda duýgularyň näzikligini duýmak bolýar. Öz ukybyny zähmet bilen utgaşdyryp, işine bar yhlasyny siňdirýän sungat adamlaryny göreniňde bolsa olaryň şeýle tebigy zehine eýe bolmaklarynyň syryna akyl ýetirýärsiň. Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Ilgar Atahanow hem saz sungatyna ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň biri. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Ilgarda aýdym-saza höwes ir kemala gelýär. Kakasy Rozymurat aga-da sungat işgäri bolansoň, perzendiniň saz ugrundan bilim almaga yhlaslydygyny duýup, ony etrabyň çagalar sungat mekdebine okuwa berýär. Sungat ojagynda halypalaryň berýän sapaklary, aýdym-sazyň jadylaýjy owazy, döredijilik adamlary bilen ýakyn aragatnaşyk bu ugra höwesjeň Ilgaryň ylhamyna ganat baglaýar. Ol çagalyk ýyllarynda sungata aralaşan ilkinji pursatlarynyň özünde aýratyn täsir galdyrandygyny häli-häzirlerem uly buýsanç bilen ýatlaýar. Ilgar orta mekdebi üstünlikli tamamlap, hünär saýlamaly bolanda, ykbalyny başga ugra baglamak barada birjik-de pikir etmedi. Şeýlelikde, kalby sungata söýgüden we juwanlyk joşgunyndan püre-pür ýigide welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser edýär. Tejribeli mugallymlaryň, halypalaryň saz sungaty boýunça berýän sapaklaryny çuňňur özleşdiren

Kalba keşdelenilýän aýdymlar

Aýdym-saz — jadyly gudrat. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda şol jadyly gudratyň aşygy — Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow bilen duşuşyp, onuň alyp barýan döredijilik işleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik. Jumamyrat aganyň kakasy Gurban aga naý, tüýdükde saz çalyp, aýdym aýdýan eken. Ol kakasyny özüniň ilkinji halypasy hasaplaýar, aýdym-saza ykbalyny baglamagynda kakasynyň uly paýynyň bardygyny aýdýar. Ýaşlyk ýyllarynda ol halypalardan köp zatlary öwrenip, toý-baýramçylyklarda çykyş edip ugraýar. 1992-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolmagy onuň il içinde has-da adykmagyna sebäp bolýar. Ussat aýdymçy hoş owazly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri belentden wasp edýär. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy üçin 2002-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ussat aýdymçyny täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. Ol şu döwürde 30-dan gowrak ilhalar aýdymlary döretdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän «Lebabyma», «Diýarym», «Derýa», «Ýar biziň sary», «Ajap zamanda», «Näz bilen», «Türkmenistanym», «Lukmanlarymyz», «Datly türkmen gawuny», «Görüň!» ýaly birnäçe meşhur aýdymlary teleýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ussat aýdymçy häzirki günlerde hem täze-täze aýdym-

Medeniýet — gözellik älemi

Her bir halkyň milli medeniýeti onuň ýüzüni görkezýän, beýleki medeniýetlerden tapawutlandyrýan aýratynlygydyr. Medeniýet jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup, adamlara egsilmez ruhy daýanç, durmuşa bolan çuňňur söýgi döredýän gudratly güýje eýedir. Şonuň üçin-de Gahryman Arkadagymyz «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, milli medeniýetimize jaýdar kesgitleme berýär. Bilşimiz ýaly, her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp Medeniýet hepdeligi geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň milli medeniýetimize berýän çuňňur üns-aladalary netijesinde 2013-nji ýylda başy başlanan bu medeni dabaranyň maksady halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamaga, içgin öwrenmäge, giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga we halkyň medeni derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Köňülleriň şahyry

Golaýda paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrundaky Magtymguly Pyragynyň seýilgähinde Aşgabat şäher häkimliginiň, şeýle hem Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragy — köňülleriň şahyry» atly ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Dabara bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar. Gündogaryň beýik danasy, türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy çuň parasatly döredijiligi bilen türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyran akyldardyr. Şahyr edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragy diňe bir Gündogar edebiýatynyň däl, eýsem, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldardyr. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň halkyna miras goýan umumadamzat ähmiýetli ruhy hazynasy milli medeniýetimiziň nury bolup şugla saçýar.

Medeniýet – köňül buýsanjymyz

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, milli medeniýetimiz hem barha uly ösüşlere eýe bolýar. Şanly ýylymyz turuwbaşdan milli medeniýetimize bagyşlanan çärelere, akyldar şahyrymyzyň watançylygy, asylly ýörelgeleri, ynsanperwerligi wasp edýän döredijiligini wagyz edýän maslahatlara beslendi. Bu bolsa diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem beýik akyldara bolan hormat-sarpasyny beýgeltdi. Bularyň hemmesi milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylmasy bolup, her bir türkmenistanlyny ösüşleri wasp etmäge ruhlandyrýar. Şu şöhratly ýylda paýtagtymyzda akyldar şahyryň ýadygärliginiň we «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly açylmagy hem aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumynda dünýä halklarynyň ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň we sungat ussatlarynyň heýkelleriniň ýerleşdirilendigini hem bellemek gerek. Bularyň hemmesi häzirki ajaýyp döwrümizde halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň rowaçlanýandygyny aýdyň beýan edýär. Medeniýet hakynda söz açanymyzda, ýene bir şanly wakany bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, dürli medeni çäreleriňdir ylmy maslahatlaryň ýokary derejede üstünliklere beslenýän dünýä nusgalyk Arkadag şäherimizde Medeniýet hepdeliginiň geçirilýändigi biziň her birimizi buýsandyrýar. Çünki ýylyň-ýylyna

Belent sepgitlere ýetilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda alnyp barylýan işler barha rowaç alýar. Has takygy, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheri “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edildi. Şeýle-de, Aziýanyň Tennis Federasiýasy tarapyndan Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynyň “Tennis boýunça Aziýa sebitiniň okuw-türgenleşik merkezi” diýlip yglan edilmegi we bu barada degişli güwänamanyň gowşurylmagy sport ussatlary bilen birlikde türkmen halkyny hem diýseň begendirdi, buýsandyrdy. Şeýle buýsandyryjy wakalar türkmen sportunyň ýylsaýyn ösüş-özgerişlere eýe bolýandygyny açyp görkezýär.

Medeniýet hepdeligine

Prezidentim bilen gülleýär Diýar Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alan medeniýet”, atly ajaýyp kitaby ýurdumyzda medeniýete, sungata aýratyn sarpa goýulýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde maddy we ruhy gymmatlyklar — adamzadyň beýik buýsanjy, müňýyllyklaryň dowamynda döreden paýhas hem gözellik genji hasaplanýan medeniýetimiz tirsegine galdy. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň ömrüne ömür goşýan, millet hökmünde ykrar etdirýän medeni gymmatlyklar milletiň joşgunly kalbynyň ýakut-merjen kimin Zemine nur-şuglasyny çaýýan altyn hazynadyr. Bu baýlyk dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkymyň Ýer ýüzünde millet hökmünde — türkmen halky hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ornuna uly baha berýär.