Aýdym-saz — jadyly gudrat. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öň ýanynda şol jadyly gudratyň aşygy — Saýat etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow bilen duşuşyp, onuň alyp barýan döredijilik işleri barada söhbetdeş bolmagy makul bildik.
Jumamyrat aganyň kakasy Gurban aga naý, tüýdükde saz çalyp, aýdym aýdýan eken. Ol kakasyny özüniň ilkinji halypasy hasaplaýar, aýdym-saza ykbalyny baglamagynda kakasynyň uly paýynyň bardygyny aýdýar. Ýaşlyk ýyllarynda ol halypalardan köp zatlary öwrenip, toý-baýramçylyklarda çykyş edip ugraýar. 1992-nji ýylda geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde ýeňiji bolmagy onuň il içinde has-da adykmagyna sebäp bolýar. Ussat aýdymçy hoş owazly aýdym-sazlary bilen ýurdumyzda gazanylýan ösüşleri belentden wasp edýär. Milli aýdym-saz sungatymyzy ösdürmäge goşan goşandy üçin 2002-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolmagy ussat aýdymçyny täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrýar. Ol şu döwürde 30-dan gowrak ilhalar aýdymlary döretdi. Aýdymçynyň ýerine ýetirýän «Lebabyma», «Diýarym», «Derýa», «Ýar biziň sary», «Ajap zamanda», «Näz bilen», «Türkmenistanym», «Lukmanlarymyz», «Datly türkmen gawuny», «Görüň!» ýaly birnäçe meşhur aýdymlary teleýaýlymlarda ýaňlanyp dur. Ussat aýdymçy häzirki günlerde hem täze-täze aýdym-sazlary döredýär, ajaýyp zamanamyzy belentden wasp edýär.