Prezidentim bilen gülleýär Diýar
Hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren “Änew — müňýyllyklardan gözbaş alan medeniýet”, atly ajaýyp kitaby ýurdumyzda medeniýete, sungata aýratyn sarpa goýulýandygynyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde maddy we ruhy gymmatlyklar — adamzadyň beýik buýsanjy, müňýyllyklaryň dowamynda döreden paýhas hem gözellik genji hasaplanýan medeniýetimiz tirsegine galdy. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň ömrüne ömür goşýan, millet hökmünde ykrar etdirýän medeni gymmatlyklar milletiň joşgunly kalbynyň ýakut-merjen kimin Zemine nur-şuglasyny çaýýan altyn hazynadyr. Bu baýlyk dünýäniň syýasy, medeni-ruhy we ykdysady ösüşine ummasyz goşant goşan halkymyň Ýer ýüzünde millet hökmünde — türkmen halky hökmünde tanalmagynyň we hormatlanmagynyň esasydyr» diýmek bilen, milli medeniýetimiziň halkymyzyň durmuşyndaky wajyp ornuna uly baha berýär.