Saz sungatynyň perwanasy

19 Iýun 2024
673

Sungat özüne ýakyn ynsanlary saýlaýar. Hut şonuň üçin hem olaryň döredijiliginde ynsan kalbynyň gözelligini, durmuş häsiýetlerini hatda duýgularyň näzikligini duýmak bolýar. Öz ukybyny zähmet bilen utgaşdyryp, işine bar yhlasyny siňdirýän sungat adamlaryny göreniňde bolsa olaryň şeýle tebigy zehine eýe bolmaklarynyň syryna akyl ýetirýärsiň. Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Ilgar Atahanow hem saz sungatyna ýüreginiň töründen orun beren ynsanlaryň biri.

«Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlişi ýaly, Ilgarda aýdym-saza höwes ir kemala gelýär. Kakasy Rozymurat aga-da sungat işgäri bolansoň, perzendiniň saz ugrundan bilim almaga yhlaslydygyny duýup, ony etrabyň çagalar sungat mekdebine okuwa berýär. Sungat ojagynda halypalaryň berýän sapaklary, aýdym-sazyň jadylaýjy owazy, döredijilik adamlary bilen ýakyn aragatnaşyk bu ugra höwesjeň Ilgaryň ylhamyna ganat baglaýar. Ol çagalyk ýyllarynda sungata aralaşan ilkinji pursatlarynyň özünde aýratyn täsir galdyrandygyny häli-häzirlerem uly buýsanç bilen ýatlaýar. Ilgar orta mekdebi üstünlikli tamamlap, hünär saýlamaly bolanda, ykbalyny başga ugra baglamak barada birjik-de pikir etmedi. Şeýlelikde, kalby sungata söýgüden we juwanlyk joşgunyndan püre-pür ýigide welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagty miýesser edýär. Tejribeli mugallymlaryň, halypalaryň saz sungaty boýunça berýän sapaklaryny çuňňur özleşdiren Ilgar 2010-njy ýylda bu sungat ojagyny tamamlap, Çärjew etrabyndaky çagalar sungat mekdebinde zähmet ýoluna başlaýar.

Merjen KADYROWA,
ýörite habarçymyz.