Toý toýlaýar Diýarym

19 Iýun 2024
660

Indi birnäçe ýyldan bäri tomsuň ilkinji aýynda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni uludan bellenilýär. Dabarasy dag aşýan bu baýramyň gerimi tutuş bir hepdä ýaýraýar. Şu günler ýurdumyzyň iň owadan, dünýäni haýrana goýýan, ýaş şäheri bolan Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligine uludan taýýarlyk görülýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ajaýyp toý ulus-ilimizi joşguna besläp, watandaşlarymyzyň ruhuny galkyndyrar. Arkadag şäherinde geçirilýän baýramçylyga welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleri hem işjeň gatnaşýarlar. Hepdeligiň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, döredijilik we tans toparlarynyň Arkadag şäheriniň bezemen sahnalarynda çykyş ederler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň halk artisti Dilber Rahmanowa we Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanow ýaly ussatlar hem bar.

Döwletmyrat KALANDAROW,
welaýat medeniýet merkeziniň režissýory.