Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine taýýar

19 Iýun 2024
769

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden bina edilen Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ilkinji gezek bellenilmegi baradaky hoş habar medeniýet işgärleri hökmünde biziň buýsançly kalplarymyzyň şatlygyny has-da artdyrdy.

Medeniýet hepdeliginiň golaýlap gelýän häzirki günlerinde Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirligi tarapyndan birnäçe meýilnamalaýyn çäreleri geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň medeni ojaklarynda şatlyk-şowhuna beslenen utgaşykly çäreler geçiriler. Bu çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde bolmagy üçin milli medeniýetimizi we sungatymyzy wagyz etmek, onuň baý many-mazmunyny içgin öwrenmek bilen meşgullanýan hünärmenlerimiz degişli işleri alyp barýarlar.

Aýna ANNAORAZOWA,
Arkadag şäheriniň Medeniýet müdirliginiň bölüm başlygy.