"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şahyryň arzuwlan zamany geldi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýat şahamçasynyň hem-de welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyraga bagyşlanan çeperçilik eserleriniň bäsleşik-sergisi ýaýbaňlandyryldy. Sergä Türkmenistanyň Suratkeşler birleşmesiniň welaýatymyzdaky agzalarynyň, welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de çagalar sungat mekdepleriniň ýaş suratkeşleriniň eserleri hödürlenildi. Görkezilen eserlerde dünýäniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy, Bitaraplyk, asudalyk we parahatçylyksöýüjilik ýaly mowzuklar janlandyryldy. Çeper görnüşlere siňen eserler bu ýere gelip görýänleriň ünsüni özüne çekýär.

Dabaraly maslahatlar

Eziz Watan Türkmenistan — Bitarap Golaýda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda «Eziz Watan Türkmenistan — Bitarap» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we jemgyýetçilik guramasynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Döredijilik bäsleşigi

BITARAPLYK — ŞÖHRATYMYZ-ŞANYMYZ 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Wekilbazar etrabynda-da maslahatlar, dabaraly çäreler, dürli görnüşli bäsleşikler, wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär.

«Hakyda göwheri» — sözleriň düri

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginiň mejlisler jaýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýiti zehininden dörän «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, mugallymlardyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ilime şan getirýär bu ýyllar

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäher birleşmesiniň bilelikde guramagynda «akylly» şäheriň Jemgyýetçilik guramalarynyň mejlisler jaýynda täze 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmak maksady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda ýaşlar çykyş edip, her ýylyň mynasyp atlandyrylmagynyň ýurdumyzda asylly däbe öwrülendigini nygtadylar. Öňümizdäki täze ýyly hem Watanymyzyň beýik özgertmelerine laýyklykda atlandyrmak we nyşanyny kesgitlemek babatda ýaşlaryň tekliplerini öwrenmek boýunça öňde durýan wezipeler barada gürrüň etdiler. Çykyşlaryň barşynda Milli Liderimize hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmenistan Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky yzygiderli tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri üçin alkyş sözleri beýan edildi.

«Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza!»

Öňňin Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda Arkadag şäheriniň häkimliginiň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmenistan — parahatçylyk söýüjiligiň we dost-doganlygyň mekany» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäheriň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda ýurdumyzyň dünýä döwletleriniň, halklarynyň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy pugtalandyrmakda alyp barýan syýasatynyň, durmuşa geçirýän işleriniň üstünliklere beslenýändigi bellenildi. Türkmen Bitaraplygy parahatçylygy ösdürmegiň döredijilik binýady hökmünde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde yzygiderli pugtalandyrylýar. Bular dogrusyndaky söhbetler maslahatyň dowamynda aýdyň beýanyny tapdy. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren çykyşlary bolsa oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady.

Abuna — 2025

Hormatly okyjylar! 2025-nji ýylyň birinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. Gazetiň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Elektron neşire abuna ýazylmak bilen, şol bukjada ýurdumyzyň beýleki merkezi gazet-žurnallaryny we welaýat gazetlerini-de okap bolýandygyny ýatladýarys! Şeýle-de gazete ýazylmak üçin «Arkadag» gazetiniň redaksiýasyna hem ýüz tutup bilersiňiz!

Kitap — genji-hazyna

3-nji dekabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen hem tanyşdylar. Sergide alym Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplaryna möhüm orun berildi. Gahryman Arkadagymyzyň täze kitaby türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň waspnamasy bolmak bilen, zähmetsöýer ilimizi täze belentliklere ruhlandyrýar.

Rowaçlygyň şäheri

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhaslary, ajaýyp ylhamlary esasynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä kartasynda adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde mertebeli orny eýeleýär. Aşgabat — gözellikde dünýä nusgalyk şäher. Şäheriň aklygy halkymyzyň ak ýüreginiň, ak arzuwlarynyň, päk dilegleriniň özboluşly nyşanydyr. 2023-nji ýylda paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa aýratyn buýsançly wakadyr. Aşgabat — gür baglaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gözel şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça başy başlanan özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, özüniň ajaýyp netijelerini berýär. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bu babatdaky işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Bazar — berekediň ojagy

Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen her bir güni joşgunly baýramlara beslenýän mähriban paýtagtymyz ýene-de toý lybasynda. Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarydyr myhmanlary hem bosagada duran Halkara Bitaraplyk gününi hem-de Täze ýyl baýramyny mynasyp garşylamaga taýýarlyk görýärler. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyklarda bagtyýar raýatlarymyza azyk önümleriniň, beýleki harytlaryň, Täze ýyl sowgatlarynyň, arça we arça bezegleriniň, dürli oýunjaklaryň söwda hyzmatlaryny talabalaýyk derejede ýola goýmak maksady bilen paýtagtymyzyň bazarlarynyň we söwda merkezleriniň meýdançalaryny bezeýän göçme söwda nokatlary hem ilatyň hyzmatynda. Gündelik söwda hyzmatlary ýola goýlan bu merkezler 2024-nji ýylyň 5-nji dekabryndan 2025-nji ýylyň 3-nji ýanwaryna çenli öz işini dowam eder. Aşgabadyň dürli künjeginde, şol sanda «Gülüstan» döwlet söwda, «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezleriniň, «Jennet», «Teke», «Älemgoşar», «Paýtagt», «Genji-hazyna» bazarlarynyň, «Altyn asyr» Gündogar bazarynyň, «Bereketli» söwda merkeziniň meýdançalarynda guralýan göçme söwda ýerleri ýokary hilli harytlaryň we azyk önümleriniň giň toplumyny alyjylara hödürlär. Dürli öwüşginli Täze ýyl harytlary ähli ýaşdaky raýatlarymyzyň, has hem körpeleriň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar. Ähli halkymyza şanly seneleri we baýramçylyklary şeýle mynasy

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin!

Hamal (guzy 21.03-20.04) Geljek hepdede hamallar üçin, esasan, iş bilen şahsy durmuşynyň arasynda deňagramlylygy saklamak möhüm bolar. Käbir meseleleriň ikitaraplaýyn çözgüdi sizi biraz pikirlendirip biler. Aslynda, zerur bolan çözgüdi özüňiz has oňat bilýärsiňiz. Şonuň üçin ikirjiňlenip, amatly pursatlary duşuňyzdan geçirmäň.

Ýatda galan pursatlar

Golaýda podpolkownik Geldimyrat Mämmedowyň serkerdelik edýän harby bölüminde 2024-nji ýylyň güýz möwsüminde harby gulluga çagyrylan ýaş esgerleriň harby kasam kabul edişlik dabarasy geçirildi. Dabarada her bir ýaş esger mukaddes ata Watanymyza, mähriban halkymyza, hormatly Belent Serkerdebaşymyza wepaly boljakdygyna dabaraly kasam etdi. Soňra harby bölümiň serkerdesi we onuň orunbasarlary, şeýle hem dabara gatnaşýan ene-atalaryň birnäçesi ýaş esgerleri bu günki kasam kabul edişlik dabarasy bilen gutlap, olara kabul eden kasamyna ygrarly we wepaly bolup, abraý bilen harby gulluk borjuny tamamlamagy arzuw etdiler. Şöhrat AKYÝEW, kapitan.

Ýangyndan ägä boluň!

Watandaşlarymyzyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin, biziň wezipämiz, öýlerimizde we iş ýerlerimizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, şonuň bilen birlikde her bir adam olary bilmäge, şeýle-de şol düzgünleri doly, dürs ýerine ýetirmäge borçludyr. Ýangyn hadysasy ýüze çykanda, Ýangyn howpsuzlyk gullugyna öý we iş telefonlary arkaly 01 ýa-da öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgisine jaň edip, habar bermeli. Ilkinji nobatda, garrylary, hassalary, çagalary howpsuz ýere çykarmaly. Elektrik germewlerindäki awtomatiki abzallary öçürmeli. Güýçli tüsselemede öýden çykylanda gözleri, dem alyş ýollaryny suwda öllenen islendik esgi bilen tüsseden gorap, gapyny gulplaman pugta ýapmaly.

Beýik halkyň taryhy hem beýikdir

Döredijilik ynsan ömrüniň manysy hakynda oýlanmaga, geçmişe nazar aýlamaga ýardam edýän ylahy güýçdür. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagy kalba ylham bagyşlaýan wakalaryň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda belent maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan taryhy özgertmeleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe edebiýata, medeniýete, milli gymmatlyklarymyza belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda: «Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şunda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýip belleýşi ýaly, ähli beýik işler halkyň beýikligi bilen barabardyr.

Baýramçylyk buýsanjyna beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk gününi, baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk senesini dabaralandyrmak maksady bilen, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Halypa hatyrasy

Aky agaly günler Rejepguly Ataýewiň daýaw göwresi, gürrüňdeşine talapkär nazarlary bardy. Ol welaýatymyzda iň abraýly hojalyk ýolbaşçylarynyň biridi, döwlet baýragynyň laureatydy. Bu sylag oňa obany suwlulandyrmak boýunça tutuş ýurda görelde bolarlyk işleri bitirenligi üçin berlipdi. Akylly-paýhasly, bar zat hakynda alada edýän adamdy. Şonuň üçin onuň oba adamlarynyň arasynda abraýy juda uludy.

Magtymguly Pyragyly Diýarym

Halkara at-abraýy, belent mertebesi bilen ady dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz gülläp ösüşleriň has täze sepgitlerine eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp görkezijiler hemmeleriň kalbyny belent buýsanja gaplaýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döwletimiziň gerimli ösüşleriniň gadamy has-da batlanýar. Çünki, diňe bir türkmen halkynyň däl, bütin Gündogaryň akyldar şahyry hökmünde abraýy belende göterilen Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak baradaky belent buýsanç bilen utgaşmagy ýurdumyzy gaplap aldy. Beýik akyldaryň uly toýuny zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şol borçdan ugur alyp, biz hem ýaşlara ylym bermek babatdaky işimize ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmäge çalyşýarys.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrdan söz açsak... Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlen şygara beslenmegi şahyra goýlan uly hormat-sarpadyr.

Bagşynyň iň agyr synagy

Gaýynatam, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew öz şägirtlerine berýän öwütlerinde, öýümize myhman bolan belli bagşy-sazandalar bilen edýän söhbetlerinde bagşy-sazandalaryň edebi hakynda has köp ýanjardy. Ol: «Bagşy öz edebinden çüýreýändir» diýip, köp gaýtalardy. Bir gezek şeýle söhbetleriň birinde: «Toýuň bagşysynyň iň agyr synagy nämedir?» diýip, oturanlara ýüzlendi. Menem boşan çäýnegi alyp, bosagadan ätläp, bir zada güýmenen bolup sägindim. Bu sowal mende-de uly gyzyklanma döretdi. Şägirtleriniň biri «Dessan aýtmak» diýse, biri «Jemleýji aýdym aýtmak» diýdi, gaýynatam olary ünsli diňledi. Soňra birsalym dymdy-da:

Düşündiriş işiniň ähmiýeti

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemişe derwaýys mesele bolup, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu wezipäniň oňyn çözgütlerine badalga berilýär. Bu mesele “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da möhümligine galýar. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz etrabymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň çagalara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.