Bagşynyň iň agyr synagy

4 Dekabr 2024
201

Gaýynatam, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew öz şägirtlerine berýän öwütlerinde, öýümize myhman bolan belli bagşy-sazandalar bilen edýän söhbetlerinde bagşy-sazandalaryň edebi hakynda has köp ýanjardy. Ol: «Bagşy öz edebinden çüýreýändir» diýip, köp gaýtalardy.

Bir gezek şeýle söhbetleriň birinde: «Toýuň bagşysynyň iň agyr synagy nämedir?» diýip, oturanlara ýüzlendi. Menem boşan çäýnegi alyp, bosagadan ätläp, bir zada güýmenen bolup sägindim. Bu sowal mende-de uly gyzyklanma döretdi. Şägirtleriniň biri «Dessan aýtmak» diýse, biri «Jemleýji aýdym aýtmak» diýdi, gaýynatam olary ünsli diňledi. Soňra birsalym dymdy-da:

Bahargül AŞYROWA,
Akdepe şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.