Rowaçlygyň şäheri

4 Dekabr 2024
164

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur paýhaslary, ajaýyp ylhamlary esasynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň täzeçil ýörelgeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, gözel paýtagtymyz Aşgabat dünýä kartasynda adamzadyň medeni ösüşiniň esasy merkezleriniň biri hökmünde mertebeli orny eýeleýär. Aşgabat — gözellikde dünýä nusgalyk şäher. Şäheriň aklygy halkymyzyň ak ýüreginiň, ak arzuwlarynyň, päk dilegleriniň özboluşly nyşanydyr. 2023-nji ýylda paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi bolsa aýratyn buýsançly wakadyr.

Aşgabat — gür baglaryň şäheri. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen gözel şäherimizi bagy-bossanlyga öwürmek boýunça başy başlanan özgertmeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilip, özüniň ajaýyp netijelerini berýär. 2022-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi bu babatdaky işleriň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýanydyr.

Güljemile ŞAMYRADOWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň esasy usulyýetçi-maslahatçysy.