Düşündiriş işiniň ähmiýeti

4 Dekabr 2024
162

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemişe derwaýys mesele bolup, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu wezipäniň oňyn çözgütlerine badalga berilýär. Bu mesele “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da möhümligine galýar. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler.

Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz etrabymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň çagalara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.