Magtymguly Pyragyly Diýarym

4 Dekabr 2024
169

Halkara at-abraýy, belent mertebesi bilen ady dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz gülläp ösüşleriň has täze sepgitlerine eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp görkezijiler hemmeleriň kalbyny belent buýsanja gaplaýar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döwletimiziň gerimli ösüşleriniň gadamy has-da batlanýar. Çünki, diňe bir türkmen halkynyň däl, bütin Gündogaryň akyldar şahyry hökmünde abraýy belende göterilen Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak baradaky belent buýsanç bilen utgaşmagy ýurdumyzy gaplap aldy. Beýik akyldaryň uly toýuny zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şol borçdan ugur alyp, biz hem ýaşlara ylym bermek babatdaky işimize ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmäge çalyşýarys.