Watandaşlarymyzyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin, biziň wezipämiz, öýlerimizde we iş ýerlerimizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, şonuň bilen birlikde her bir adam olary bilmäge, şeýle-de şol düzgünleri doly, dürs ýerine ýetirmäge borçludyr.
Ýangyn hadysasy ýüze çykanda, Ýangyn howpsuzlyk gullugyna öý we iş telefonlary arkaly 01 ýa-da öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgisine jaň edip, habar bermeli. Ilkinji nobatda, garrylary, hassalary, çagalary howpsuz ýere çykarmaly. Elektrik germewlerindäki awtomatiki abzallary öçürmeli. Güýçli tüsselemede öýden çykylanda gözleri, dem alyş ýollaryny suwda öllenen islendik esgi bilen tüsseden gorap, gapyny gulplaman pugta ýapmaly.