"Türkmen gündogary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Lebap welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýoly, 42
Telefon belgileri: 3-14-36, 3-26-83, 3-26-82
Email: turkmengundogary-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär. Pudak üçin hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdebine meşhur seýis, zehinli atşynas Aba Annaýewiň ady dakyldy. Munuň özi ýurdumyzda tejribeli halypalara, öz işine wepaly ussatlara goýulýan belent sarpadan nyşandyr.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Arkadag şäheri, 24-nji aprel (TDH). Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

24-nji aprelde Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

24-nji aprelde — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Şu ýyl assosiasiýanyň mejlisiniň dünýä meşhur behişdi bedewleriň watanynda — türkmen topragynyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäherinde geçirilmeginde aýratyn many bar. Bu ýerde forumyň geçirilýän ýeri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy ýerleşýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Pariž, 24-nji aprel (TDH). Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Parižde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen fransuz kompaniýalarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

25-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde geçýän Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň (TEIF — 2024) çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy ýerli kompaniýalaryň ikisiniň «Airbus» we «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda taraplar kosmos ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bütin dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýdan peýdalanýan Türkmenistana kosmos ulgamy boýunça hyzmatlaryny hödürledi. Munuň özi dürli ugurlar, şol sanda kosmos ulgamynyň işine tehnologiýalaryň iň kämil nusgalaryny ornaşdyrmak boýunça ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berilýän ýokary bahanyň nyşanydyr.

Parižde TEIF 2024 halkara forumy öz işine başlady

Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forum (TEIF 2024) çarşenbe güni Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň nebit-gaz pudagynyň elektron gazeti habar berdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça halkara forumyň başlanmagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. “Forumyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.

Kosmos ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Fransiýanyň paýtagty Parižde badalga alan Türkmenistanyň energetika toplumyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň çäginde şu gün — 24-nji aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň «THALES SIX GTS France SAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşykda taraplar ygtybarly kiberhowpsuzkyk, aragatnaşyk we kosmos ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen-german strategik hyzmatdaşlyk kartasynyň çäginde ulag geçelgesi meselelesine hem garaldy

Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kemerony kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-niň hem-de Premýer-ministri Rişi Sunagyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Aşgabat, 24-nji aprel (TDH). Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Myhman Milli Liderimize duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, GFR-iň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň, Federal Kansleri Olaf Şolsuň mähirli salamyny we türkmen halkyna parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi

Arkadag şäheri, 24-nji aprel (TDH). Şu gün — giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi. Halkymyzyň buýsanjy bolan behişdi bedewler dünýä medeniýetiniň täsinligi hökmünde ykrar edilýär. Häzirki taryhy döwürde özboluşly däpleri müňýyllyklardan gözbaş alýan milli atçylyk pudagynyň ösüşine kuwwatly itergi berildi we ol Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Sany barha artýan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklar hem täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyna möhüm orun degişlidir. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan giň gerimli işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum

Pariž, 24-nji aprel (TDH). Şu gün Fransiýa Respublikasynyň paýtagty Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Forum “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan guralýar. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum diňe adaty görnüşde geçirilmän, eýsem, dünýäniň onlarça ýurdunda sanly ulgam arkaly hem görkezilýär. Foruma Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň edaralarynyň, daşary ýurtlaryň meşhur nebitgaz işewürlik düzümleriniň, maliýe institutlarynyň, abraýly guramalaryň, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, bu ugurda ýöriteleşen bilermenler gatnaşýarlar. Munuň özi dünýäniň işewür toparlarynyň ýurdumyzyň barha ösýän gaz pudagyna uly gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň güwäsidir. Olaryň ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmalary alnyp barylýan “Açyk gapylar”, deňhukukly, özara bähbitli döwletara gatnaşyklar syýasaty hem-de türkmen tarapynyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky oňyn başlangyçlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Türkiýede boldular

Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar doganlyk ýurduň Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar. Türkiýede guralan dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň arasynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletlerden gelen çagalaryň bardygyny bellemek gerek.

«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

Ankarada işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, dostlukly Türkiýe Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky başarnyklaryna bagyşlanan kitabynyň türk diline terjime edilmeginiň dostlukly halkyň okyjylaryny, aýratyn-da, ýaş nesillerini Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny bilen içgin tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygy hakda gürrüň edildi. Dabarada hem bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň türk diline terjime edilen we ösüp gelýän nesliň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky üstünliklerine bagyşlanan, şeýle-de ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak oglan-gyzlar boljakdyklaryna umyt baglaýan eser şu günki we geljekki nesiller üçin ýolgörkeziji ýan kitabyna öwrüler.

Akyldar şahyryň eserleri dünýäde wagyz edilýär

23-nji aprelde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) Konsullygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahat Türkmenistanyň Konsuly Gadam Ilamanowyň çykyşy bilen açyldy. Çäräniň dowamynda Astrahan welaýatynyň bilim ministri Mariýa Nikolaýewna Şalak nusgawy edebiýatymyzyň söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti bilen bilelikde geçirilen dabaralar hakynda täsirli çykyş etdi. Soňra Astrahan welaýatynyň daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Ilýa Wasilýewiç iki döwletiň dostlukly hyzmatdaşlygy hakynda giňişleýin beýan etdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gruziýada saparda bolýarlar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Gruziýanyň Parlamentiniň işi bilen tanyşmak maksady bilen 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 21-ne Gruziýa tanyşlyk iş sapary başlady. Iş saparynyň ilkinji güni Mejlisiň wekilleriniň Gruziýa Respublikasynyň parlamentiniň Býujet we maliýe boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gogi Meşweliani bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Gogi Meşweliani komitetiň alyp barýan işleri, şol sanda Gruziýa Respublikasynyň parlamentde döwlet býujetiniň kabul edilişiniň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini maliýeleşdirilişiniň tertibi bilen tanyşdyrdy.

Parižde halkara göçme forum badalga alýar

Tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýan Türkmenistan öz uglewodorod baýlyklaryny bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny barha işjeňleşdirýär. Soňky ýyllarda öz ýurdumyzda, şol sanda daşary döwletlerde geçirilýän forumlar bolsa milli ykdysadyýetiň nebitgaz senagaty ýaly binýatlyk pudagyna iri kompaniýalaryňdyr işewürleriň ünsüni çekmekde, bu ugurda öňde durýan derwaýys wezipeleri, geljekki meýilleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmakda netijeli meýdança öwrülýär. Şu gün — 24-nji aprelde Fransiýanyň Pariž şäherinde öz işine başlaýan Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum (TEIF — 2024) hem hut şu maksada ýetmegi nazarlaýar. Daşary ýurtlarda giň wekilçilikli işewürlik maslahatlaryny, maýa goýum forumlaryny guramak bilen, ýurduň ykdysady kuwwatyny, senagat, maýa goýum mümkinçiliklerini, olardan netijeli peýdalanmak babatda alnyp barylýan işleriň gerimini açyp görkezmek, hyzmatdaşlara ygtybarly maglumatlary bermek, ykdysady we önümçilik taslamalaryna daşary ýurt maýadarlaryny çekmek meseleleri esasy wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Şoňa görä-de, Pariž forumyna gatnaşyjylar iki günüň dowamynda häzirki wagtda Türkmenistanyň ösüşiniň umumy ykdysady görkezijileri, maýa goýum strategiýasy, ýurdumyzyň senagat-innowasion ösüşine, önümçilik pudagyna ylmy-tehniki

Ankaradaky köpöwüşginli çäreler

17 — 21-nji aprelde Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly we beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň gatnaşmagynda medeni-köpçülik çäreleri geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen şekillendiriş sungaty eserleriniň, medeni mirasyň gymmatlyklarynyň sergisi, ussat bagşy-sazandalaryň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy hem işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň döredijilik wekiliýetiniň doganlyk ýurduň paýtagtyna saparynyň ilkinji güni Türkiýäniň Saz we şekillendiriş sungaty uniwersiteti bilen tanyşlykdan başlandy. Bu ýerde türkmen wekiliýetine ýokary okuw mekdebinde hereket edýän amaly-haşam sungaty muzeýi, döredijiligiň dürli ugurlary boýunça okuw, ylmy-barlag işleriniň alnyp barlyşy barada giňişleýin maglumat berildi. Uniwersitetiň talyplarynyň konserti hem aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.