«Ýaşlar — Watanyň daýanjy» türk dilinde

25 Aprel 2024
328

Ankarada işleýän daşary döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, dostlukly Türkiýe Respublikasynyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, medeni we ylmy jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, bu ýerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleriniň, talyplaryň gatnaşmagynda geçirilen dabarada hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlarynyň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky başarnyklaryna bagyşlanan kitabynyň türk diline terjime edilmeginiň dostlukly halkyň okyjylaryny, aýratyn-da, ýaş nesillerini Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň mazmuny bilen içgin tanyşdyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygy hakda gürrüň edildi.

Dabarada hem bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň türk diline terjime edilen we ösüp gelýän nesliň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky üstünliklerine bagyşlanan, şeýle-de ýaşlaryň ýurdumyzyň abraýyny has-da belende galdyrjak oglan-gyzlar boljakdyklaryna umyt baglaýan eser şu günki we geljekki nesiller üçin ýolgörkeziji ýan kitabyna öwrüler.

(Ýörite habarçymyz).