Hereketiň howpsuzlygy ugrunda

2 sagat öň
4

Berkarar döwletimizde her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi raýatlarymyzyň abadan, asuda durmuşda ýaşamagyny gazanmak ugrundaky beýik işleriň bir nusgasydyr. Çünki ýollaryň asudalygyny üpjün etmek, hereket howpsuzlygyny gazanmak häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu ugurda öňümizde duran wezipe-borçlary üstünlikli amal etmek maksady bilen, biz sürüjiler bilen düşündiriş işlerini yzygiderli geçirýäris.

Şeýle ähmiýetli çärelerde ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmekligiň, ulaglary bellenilen tizlikde sürmekligiň ähmiýetine aýratyn üns çekilýär. Sürüjilere çatryklarda, pyýada geçelgelerde we aýlawlarda berjaý etmeli borçlaryny aýratyn ýatladýarys.

Meret AÇYLOW,
Dänew etrap polisiýa bölüminiň Garaşsyzlyk şäherçe polisiýa bölümçesiniň polisiýanyň ýol gözegçiligi toparynyň ýolbaşçysy, polisiýanyň kapitany.